Google has kuwwatly we mugt elýeterli bolan täze Gemini 3 EA modelini hödürledi

  • 20.11.2025 13:11
  • 1.8k+

Google täze nesil emeli aň modelini – Gemini 3-i hödürledi. Kompaniýa ony Gemini hatarynda iň ösen we hemmetaraplaýyn model diýip atlandyrýar. Ol eýýäm Gemini programmasynda, Google gözleginiň AI režiminde, şeýle-de işläp düzüjiler we korporatiw ulanyjylar üçin gurallarda elýeterlidir.

Model Gemini 2.5 çykandan ýedi aýdan soň hödürlendi we Google-yň uly dil modelleriniň arasynda iň kuwwatlysy boldy. Tanyşdyrylyş OpenAI-iň GPT-5.1 modeli çykandan bir hepdeden az wagtdan soň we Anthropic-iň Sonnet 4.5 modeli çykandan iki aý soň boldy.
Esasy synaglarda Gemini 3 Pro şeýle netijeleri görkezdi:

  • ·LMArena-da 1501 bal (logika we netije çykarmak)
  • ·GPQA Diamond-da 91,9% (soraglara çuň düşünmek)
  • ·SimpleQA Verified-de 72,1% takyklyk
  • ·MMMU-Pro-da 81% we Video-MMMU-da 87,6% (multimodal meseleler)
  • ·MathArena Apex-de 23,4% - bu matematikada emeli aňlaryň arasynda iň gowy netije.

Modeliň flagman wersiýasy Gemini 3 Pro bolsa Humanity’s Last Exam testinde rekord goýdy – ol goşmaça gurallary ulanmazdan 37,5% netije görkezdi. Ozal iň ýokary görkeziji 31,64% bolup, ol GPT-5 Pro degişlidi. Humanity’s Last Exam pikir ýöretmek başarnygyna we hünärmen bilimleriniň derejesine baha berýär.
Google munuň bilen bir hatarda Gemini 3 Deep Think režimini hem hödürledi. Ol has çylşyrymly meseleleri çözmäge gönükdirilen bolup, has ýokary netijeleri görkezdi: Humanity’s Last Exam-da 41%, GPQA Diamond-da 93,8% we ARC-AGI-2 testinde 45,1%.
Gemini 3 mobil programmasy arkaly mugt elýeterlidir. Gözlegiň AI režiminde ol häzirlikçe Google AI Pro we Ultra nyrhnamalarynyň tölegli ulanyjylarynda işleýär. Deep Think režimi howpsuzlyk barlagynda bolup, ýakyn hepdelerde Google AI Ultra ulanyjylary üçin elýeterli bolar.


25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....