Adaty gözleg ulgamlarynyň hereketi 2025-nji ýylda 25% pese düşdi

  • 25.10.2025 15:34
  • 1.8k+

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Google, Yahoo we Bing ýaly adaty gözleg ulgamlarynyň ýerine adamlar emeli aň esasly hyzmatlara has köp ýüz tutup başladylar. Ulanyjylar bu hyzmatlaryň has amatlydygyny, sebäbi onlarça linki açyp gözlemän, derrew taýýar jogap berýändigini belleýärler. Netijede, adaty gözleg ulgamlarynyň, aýratyn-da ylym, bilim we saglyk aýratynlykda soralýan soraglar boýunça hereketi takmynan 25% azaldy.

Şeýle-de, habarlar saýtlaryna bolan gyzyklanma hem pese gaçdy: 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, ulanyş 2,3 milliarddan 1,7 millarda çenli azaldy. Mundan başga-da, ähli gözlegleriň 69%-i ulanyjynyň hiç bir sahypa geçmezden tamamlanýandygyny görkezýär (geçen ýylda bu görkeziji 56% bolupdy). Bu ýagdaý "basylmasyz gözleg" diýip atlandyrylýar.
Şol bir wagtyň özünde, ChatGPT-ä bolan gyzyklanma ep-esli artdy: habarlar üçin oňa ýüz tutma 212% ýokarlandy we ýyl içinde 47 milliard giriş hasaba alyndy. Barlagçylaryň bellemegine görä, dokuz ýyldan soň ilkinji gezek Google-yň bazardaky paýy birneme pese düşdi we häzirki wagtda 89,7% bolýar.
“Ýandeks” kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň oktýabrynda AI jogaplarynyň gözlege goşulmagyndan soň, hyzmatyň gündelik ulanyjy sany 13 milliondan geçdi, we jemi 80 milliondan gowrak adam olaryň jogaplary bilen işledi. Şol bir wagtyň özünde, “Alisa” arkaly berlen jogaplardan çeşme sahypalaryna geçilýän paý üýtgemedi.
Iň meşhur 10 çat-botlaryň umumy hereketi 80% töweregi artdy we takmynan 55 milliard sapar boldy diýip çaklanylýar.


03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......