Kembrij we Google DeepMind emeli aňy «şahsyýet» hökmünde barlamak üçin test döretdi

  • 05.01.2026 15:06
  • 2.2k+

Kembrij uniwersitetiniň we Google DeepMind-yň ylmy gözlegçileri uly dil modellerinde (LLM) «şahsyýetiň» bardygyna ýa-da ýokdugyna baha bermegiň ilkinji ylmy esasly usulyny hödürledi.

Çemeleşme üçin esas bolup adamlaryň häsiýetine baha bermek üçin ulanylýan adaty psihologik testler hyzmat etdi. Alymlar topary şeýle testleri ýörite neýroulgamlar üçin sazlady. Netijeler emeli aňyň diňe bir adam häsiýetlerine öýkünmäge ukyply bolman, eýsem EA-nyň häsiýetini takyk sazlap bolýandygyny görkezdi.
Alymlaryň usuly häsiýetleriň «uly bäşligine»: açyklyga, wyždanlylyga, ekstrawersiýa, hoşniýetlilige we newrotizme daýanýar. Synaglar uly dil modelleriniň özüni durnukly we kesgitli alyp barýandygyny, kiçi modelleriň özüni alyp barşynyň bolsa durnuksyzdygyny görkezdi.
Hünärmenler EA-nyň şahsyýetini her bir häsiýet üçin dokuz derejede sazlamagy öwrendi. Mysal üçin, çat-boty has alçak ýa-da emosional taýdan durnuksyz edip bolýar, bu hem onuň tekst ýazmak ýaly ýumuşlary ýerine ýetiriş stiline gönüden-göni täsir edýär.
Awtorlar manipulýasiýa töwekgelçilikleri barada duýdurýar we şeýle ulgamlary köpçülikleýin elýeterli etmezden ozal açyk koduň kömegi bilen hökman barlamalydygyny belleýär.
Ylmy gözleg Nature Machine Intelligence žurnalynda neşir edildi. 


11.06.2026 23:59
6.6k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

11.06.2026 14:00
2.7k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......