Google Translate ähli Android enjamlar üçin sinhron terjime funksiýasyna eýe boldy

  • 15.12.2025 09:17
  • 1.2k+

Google kompaniýasy Google Translate hyzmatynyň uly täzelenmesi barada habar berdi. Esasy üýtgeşme indi islendik nauşnik modeli bilen işleýän sözleýşi sinhron terjime etmek funksiýasy boldy. Ozal bu mümkinçilik diňe Pixel Buds-yň eýelerine elýeterlidi.

Täzelenmäni ulanmak üçin indi diňe gabat gelýän Android smartfony we “Terjimeçi” programmasy gerek diýip, The Verge habar berýär.
Hyzmat 70-den gowrak dili, şol sanda rus dilini goldaýar. Funksiýa beta-synag režiminde işe girizilýär we ilki ABŞ-daky, Meksikadaky we Hindistandaky ulanyjylar üçin elýeterli bolar. 2026-njy ýylda sinhron terjime programmanyň iOS wersiýasynda hem peýda bolar.
Munuň bilen birlikde kompaniýa Gemini EA modeliniň mümkinçiliklerini ulanyp, tekst terjimesini gowulandyrdy. Kompaniýa täzelenen ulgamyň çylşyrymly dil gurluşlary – köplenç, göçme manyda ulanylýan idiomalar we slengler bilen has takyk işleýändigini belledi.  
Ýene bir üýtgeşme dil öwrenmek üçin gural bolan “Türgenleşik” funksiýasyna degişli. Bu bölüm ulanyjynyň derejesini we söz baýlygyny göz öňünde tutup, şahsylaşdyrylan sapaklary berýär. Funksiýa goşmaça ýene 20 ýurtda hödürlendi, ýöne häzirem beta-wersiýasy görnüşinde bolup, hemmeler üçin elýeterli bolman biler. 


25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
3k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......