Türkmen mekdep okuwçylary Google-yň geçiren ýaryşynda 2-nji orny eýelediler

  • 16.10.2025 09:35
  • 8.3k+

Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçylary Begenç Annaorazow, Aýhan Baýramow, Salyh Annanepesow Google kompaniýasynyň Firebase Studio Championship Central Asia 2025 ýaryşynda 2-nji orny eýelediler.

Olar TerraVibe atly taslama bilen çykyş edip, ilkibaşda ilkinji onluga girmegi başardylar. Soňra onlaýn we oflaýn geçirilen finalda Internet arkaly gatnaşyp 2-nji orny eýelediler. Okuwçylar Google tarapyndan ýörite hormat hatlaryna we pul baýraklaryna mynasyp boldular. Ýaryşyň şertleri boýunça toparlar “Firebase Studio + Gemini API” tehnologiýalaryny ulanýan innowasion taslama taýýarlamalydy. Bu diýmek, okuwçylar "Gemini API" - Emeli Aň tehnologiýasyny ulanyp bir mobil goşundyny ýasamalydylar. Türkmen okuwçylary bolsa öz innowasion TerraVibe taslamasyny hödürlediler.

TerraVibe taslamasy kamera arkaly surata düşürilen ösümligiň ýagdaýy barada emeli aň (AI) arkaly düşündiriş bermäge we  islendik ösümligiň şikes ýeten ýerini ýa-da kemçiliklerini suratyň üsti bilen bilmäge ukyply. Okuwçylar taslamany ýasanlarynda “Kämil Bilim” bilim merkeziniň Erjeller kompýuter bölüminiň mugallymlaryndan maslahat alandyklaryny belläp geçdiler.
Ýaryşyň netijesini şu salgydan görüp bilersiňiz.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

14.04.2026 14:26
6.3k+

Türkmenistanyň alymlary gowaçanyň täze «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12» görnüşlerini synagdan geçirýär

Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Daşoguz şahamçasynyň alymlary sebitiň şertlerine uýgunlaşdyrylan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmegiň üstünde işleýär. Şu ýyl synag üçin «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12»......

03.04.2026 09:34
2.1k+

TDG döwletleri bilelikdäki emeli hemrany uçurmaga we kosmos hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlanýar

Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlar bilelikdäki emeli hemrany älem giňişligine çykarmagy we kosmos ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşýar. Bu meselelere Daşkentde geçirilen işçi toparyň......