Türkmenistanyň alymlary gowaçanyň täze «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12» görnüşlerini synagdan geçirýär

  • 14.04.2026 14:26
  • 6.3k+

Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Daşoguz şahamçasynyň alymlary sebitiň şertlerine uýgunlaşdyrylan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmegiň üstünde işleýär. Şu ýyl synag üçin «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12» görnüşleri tabşyryldy diýip, «Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Daşoguz welaýat bölüminiň müdiri Ç.Seýitmyradowyň habar bermegine görä, täze işlenip taýýarlanan bu görnüşler orta süýümli gowaçalaryň hataryny dowam etdirýär.

«Biz sebitde ösdürilip ýetişdirilýän pagtanyň hil görkezijilerini gowulandyrmaga hem-de ýerli topraga we howa şertlerine has oňat uýgunlaşan ýokary hasylly görnüşleri döretmäge çalyşýarys. Täze görnüşler hasyllylygy, süýümiň çykyşy we onuň hili boýunça has ýokary görkezijiler bilen tapawutlanar» – diýip, ol belledi.

Pagtaçylyk sebitiň möhüm pudagy bolmagynda galýar. Welaýatda seleksiýadan başlap, çig maly gaýtadan işlemäge çenli doly önümçilik ulgamy hereket edýär. Pagta arassalaýjy zawodlar, şol sanda Köneürgenç etrabynda ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna bolan kärhana işleýär. Şeýle hem üç sany pagta egriji fabrik, tikinçilik kärhanasy we pagta çig malyny ulanýan önümçilik desgalary bar.

Önümler hem içki bazara, hem eksporta ugradylýar.
 


düýn 10:01
3.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.7k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......