Google 55 dile terjime etmek üçin açyk TranslateGemma EA modellerini hödürledi

  • 19.01.2026 14:44
  • 1.1k+

Google 55 dile terjime etmek üçin açyk EA modelleriniň toplumyny – TranslateGemma-ny hödürledi. Ol ykjam gurluşlarda, noutbuklarda we bulut serwerlerinde internete birikmezden işleýär.

Hatara modeliň üç wersiýasy girdi: 4 mlrd parametrli görnüş smartfonlar we ykjam gurluşlar, 12 mlrd parametrli model sarp ediji noutbuklary üçin niýetlenýär. 27 mlrd parametrli wersiýa bulut serwerleri üçin niýetlenýär we bir H100 wideokartynda ýa-da tenzor prosessorynda işläp bilýär.
Terjimäniň hili ýalňyşlyklaryň sanyna baha berýän MetricX platformasynda barlandy (bal näçe az bolsa, şonça gowy). Ýalňyşlyklar Gemma 3 modelleri bilen deňeşdirilende azaldy. 12 mlrd parametrli TranslateGemma 3,6 bal, 27 mlrd parametrli Gemma 3 bolsa 4,04 bal gazandy. 12 mlrd parametrli Gemma 3 modeli bilen deňeşdirilende ýalňyşlyklaryň derejesi, takmynan, 26% azaldy.


Kämilleşmeler 55 jübüt diliň ählisinde hasaba alyndy. Mysal üçin, iňlis dilinden islandiýa diline geçirilende ýalňyşlyk 30%, suahili diline geçirilende 25% azaldy.
Modeller ugurdaş maglumatlary ulanmak we berkidiji okuwlar bilen iki tapgyrda okadyldy. Maglumatlaryň, takmynan, 30%-i umumy bolup, bu TranslateGemma-ny çat-bot ýaly hem ulanmaga mümkinçilik berýär. Modelleriň ählisi multimodal mümkinçilikleri saklady we suratlardan alnan teksti hem terjime edip bilýär. TranslateGemma modelleri Kaggle we Hugging Face platformalarynda elýeterlidir.  


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

22.03.2026 04:00
3.1k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
923

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...