Microsoft, Meta we Amazon kompaniýalary Wikipedia-ny ulanýandyklary üçin tölemäge razy boldular

  • 18.01.2026 19:47
  • 2.1k+

Microsoft, Meta, Amazon, Perplexity we Mistral AI kompaniýalary Google-yň göreldesine eýerdiler. Olar Wikipedianyň kontentlerini we maglumatlaryny ulanmak üçin Wikimedia gaznasyna  («Фонду Викимедиа») töleg tölemäge razy boldular.  Gurama hyzmatdaşlaryň giňeldilen sanawyny Wikipedianyň 25 ýyllyk ýaş toýunyň çäginde yglan etdi.

Hyzmatdaşlyk 2021-nji ýylda döredilen täjirçilik bölümi bolan Wikipedia Enterprise arkaly amala aşyrylýar. Bu gurama emeli aň işläp düzüjiler üçin özleşdirilen maglumatlar bilen API-niň premium wersiýasyna tölegli giriş mümkinçiligini üpjün edýär. Wikipedia Enterprise-iň girdeji boýunça uly direktory Leýn Bekeriň sözlerine görä, programma işewürlik zerurlyklaryna gönükdirilen çeşmeleriň görnüşlerini hödürleýär.

«Biz täze funksiýalara talaplary kabul edýäris. Täze aýratynlyklary we mümkinçilikleri döredýäris we maglumatlary bu kompaniýalaryň zerurlyklaryna laýyk gelýän görnüşde gurnamak üçin işleýäris» diýip, Beker belleýär.

Ylalaşyklaryň anyk seneleri mälim edilmedi. Ýöne guramalaryň geçen ýylyň dowamynda başlangyça goşulandygy anyk. Şeýle-de bu, Meta we Amazon-yň işjeň hyzmatdaşlar hökmünde ilkinji gezek köpçülige mälim edilmegidir.
Girdejiler gaznanyň girdejisiz taslamalaryna goldaw berer. Bekker bu babatda Wikipedia ekoulgamynyň durnukly ösüşiniň AI pudagynyň bähbitlerine laýyk gelýändigini we onuň maglumatlarynyň olaryň biznes modelleriniň esasyny düzýändigini nygtady.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......