Google 2027-nji ýylda maglumat merkezlerini kosmosda gurup başlar

  • 04.12.2025 23:54
  • 1.6k+

Google eýýäm 2027-nji ýylda kosmos giňişliginde maglumat merkezleriniň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýär. Suncatcher atly taslama köp energiýa sarp edýän maglumat merkezlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin Gün energiýasyny has netijeli ulanmagy maksat edinýär diýip, Google-yň baş direktory Sundar Piçai habar berdi.

“Biziň uly maksatlarymyzyň biri – häzirki günde Ýerde öndürýänimizden 100 trillion esse köp bolan Gün energiýasyny netijeli ulanmak üçin kosmosda maglumat merkezlerini gurmak” – diýip, Piçai belledi.

Taslamany durmuşa geçirmek üçin ilkinji ädimler 2027-nji ýylyň başynda başlar. Google hemralaryň kömegi bilen Ýeri surata düşürmäge ýöriteleşen Planet kompaniýasy bilen bilelikde Ýere golaý orbitada enjamlary barlamak üçin iki synag hemrasyny uçurar.
Piçai kosmos maglumat merkezleriniň täze standarta öwrüljekdigine ynam bildirdi. “Men, çen-takmyn, on ýyldan soň muňa maglumat merkezlerini gurmagyň adaty usuly hökmünde garajakdygymyza ynanýaryn” – diýip, ol belledi.
Google kosmosy maglumat merkezleriniň energiýa meselesiniň çözgüdi hökmünde görýän ýeke-täk kompaniýa däl. Mundan öň Starcloud startapy kosmosa ilkinji emeli aňly hemrany uçuryp, kosmosda ýerleşýän maglumat merkezlerinden kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň ýerdäki merkezlerden 10 esse az boljakdygyny çaklady.
Maglumat merkezleri tarapyndan elektrik energiýasynyň sarp edilişi emeli aňy ösdürmek üçin hasaplaýyş güýçleriniň artdyrylmagy sebäpli alada döredýär. ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň hasabatyna görä, 2023-nji ýylda maglumat merkezleri ýurduň elektrik energiýasynyň 4%-den gowragyny sarp etdi, 2028-nji ýyla çenli bolsa bu görkeziji 12%-e ýetip biler.


02.06.2026 12:47
5.9k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
5k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......