Google kompaniýasy Gmail-de elektron salgyny üýtgetmäge mümkinçilik berýän funksiýany işe girizdi

  • 18.01.2026 10:22
  • 1.3k+

Google ulanyjylara bir Google akkauntynyň çäklerinde gmail.com domeninde elektron poçta salgysyny üýtgetmäge mümkinçilik berýän funksiýany işe girizip başlady. Funksiýa, aslynda, geçen ýyl yglan edildi we diňe üçünji tarap serwisleriň poçtasyny ulanýanlar üçin elýeterlidi.

Täze funksiýa häzirki gmail.com salgysyny başgasy bilen çalyşmaga, mysal üçin, good@gmail.com-y bad@gmail.coma-a üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde, Google akkaunty şol bir akkaunt bolmagynda galýar, diňe poçta salgysynyň ady üýtgeýär. Kompaniýa funksiýany tapgyrlaýyn işe girizer we bu biraz wagt alyp biler.

«Häzire çenli şahsy Gmail salgysyny üýtgetmek mümkin däldi, indi şeýle mümkinçilik bar we bu käbirleriňiz üçin gowy habar. Mysal üçin, eger siz ýa-da maşgala agzaňyz öz Google akkauntyňyzy döreden bolsaňyz we indi häzirki gmail.com salgysyny ýerliksizdigi sebäpli ulanmak islemeýän bolsaňyz, bu funksiýa siz üçin» – diýlip, Google-yň tehniki goldaw saýtynda aýdylýar.

Köne elektron poçta salgysy ýitmeýär we goşmaça hökmünde saklanýar. Ulanyjy iki salga hem hat kabul etmegini dowam eder, akkauntyň maglumatlary bolsa üýtgewsiz galar.
Şeýle-de, kompaniýa öňki salga islendik wagt dolanyp boljakdygyny, ýöne bir akkaunt üçin täze salgylary döretmegiň 12 aýyň içinde bir gezek mümkindigini habar berdi. Täze salgyny bozup hem bolmaýar.  


30.03.2026 19:48
1.5k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....

27.03.2026 17:36
6.7k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

23.03.2026 16:40
1.9k+

Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi. Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar...

10.03.2026 18:32
1.5k+

Google daşky gurşawy aşa hapalaýjylara garşy göreşmek üçin $50 mln gönükdirer

Google kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli daşky gurşawdan «aşa hapalaýjylary» aýyrmak üçin 50 million dollar sarp etmäge borçlandy. Bu barada «Datacenter Dynamics» neşiri habar berýär. Super Pollutant Action başlangyjynyň çäklerinde korporasiýa klimat üçin kömürturşy gazyndan hem has howply bolan metan we ftorly gazlara garşy göreşmäge ünsi jemlär...