Google we Apple Android bilen iOS-yň arasynda geçişi bilelikde ýönekeýleşdirer

  • 11.12.2025 18:33
  • 2.8k+

Google we Apple tehnologiýa kompaniýalary Android bilen iOS operasion ulgamlarynyň arasynda geçmek prosesini ýönekeýleşdirmegiň üstünde işleýär. Kompaniýalar enjamlaryň we hyzmatlaryň biri-biri bilen gabat gelijiligini ýokarlandyryp, smartfon çalşylanda maglumatlaryň aňsat geçirilmegini üpjün eder.

Android we iPhone gurluşlarynyň arasynda maglumatlary göçürmegi ýeňilleşdirmek üçin niýetlenen täze gurallar eýýäm Google Pixel smartfonlarynda Android-iň Canary 2512 synag wersiýasynda peýda boldy. Tiz wagtdan şeýle funksiýalaryň işläp düzüjiler üçin iOS 26-nyň deslapky wersiýasynda peýda bolmagyna garaşylýar.
Bu mümkinçilikler ulanyjylara enjamlaryň ilkinji sazlamalary wagtynda elýeterli bolar. Ilkibaşda olar işläp düzüjiler üçin niýetlenen beta-synaglara goşular. Soňra Google bu funksiýalary köpçülikleýin beta wersiýasyna, soňra Android-iň esasy wersiýasyna goşmagy meýilleşdirýär. Ähli ulanyjylar üçin täze gurallaryň çykjak möhleti belli däl, çünki goldaw her bir gurluş üçin aýratyn goşulýar.
Täze funksiýalar girizilýänça, ulanyjylar Android enjamlarynda Apple-iň Move to iOS ýa-da iPhone-da Google-yň Android Switch programmalaryny ulanmagy dowam etdirip biler.


25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
3k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......