Google TV üçin Gemini: Telewizoryňyz indi sizi diňleýär we düşünýär

  • 11.01.2026 12:00
  • 2.4k+

Telewizorlar diňe bir ekran bolmagyny bes edip, öýüňiziň akylly söhbetdeşlik hyzmatdaşyna öwrülýär. Google TV üçin täze Gemini täzelenmesi tehnika bilen gatnaşygy adaty bir söhbetdeşlik derejesine çykardy.

Indi telewizoryň sazlamalaryny üýtgetmek üçin pult arkaly çylşyrymly menýularda wagt ýitirmek gerek däl. Ýönekeý sesli buýruklar ýeterlikdir:
"Şekil gaty garaňkymy" ýa-da "Gepleşikler asla eşidilmeýärmi?". Gemini buýrugy analiz edip, awtomatik usulda iň amatly şekil we ses sazlamalaryny özi saýlap düzer.
Gemini diňe bir gözegçilik etmän, eýsem siziň döredijilik kömekçiňize hem öwrülýär.
Nano Banana we Veo ýaly gurallaryň kömegi bilen göni uly ekranda täze wideolar döredip bilersiňiz.
Şahsy suratlaryňyzdan awtomatiki usulda ýatda galyjy slaýd-şoular taýýarlap berer.
Sowallaryňyza jogap berende, Gemini diňe tekst görkezmän, eýsem mowzuga degişli suratlary we wideolary hem hödürleýär. Ol iň soňky sport habarlaryny ýa-da gyzykly synlary taýýarlap, maglumatlary awtomatik usulda sesli okap berýär. Bu bolsa adaty gözlegi janly dialoga öwürýär.
Täze TCL modelleriniň eýeleri bu mümkinçiliklerden ilkinji bolup peýdalanyp başlarlar.
Birnäçe aýyň dowamynda bu täzelenme Google TV ulgamynda işleýän beýleki ähli telewizorlara hem ýeter.


21.06.2026 16:10
3.4k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 07:37
3.1k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....