Adamlar nämäniň gözleginde: Google 2025-nji ýylyň iň köp soralýan soraglaryny hödürledi

  • 07.12.2025 11:55
  • 5.7k+

Dekabr, adatça, uly platformalaryň, medialaryň we hatda sözlükleriň ýylyň jemini jemleýän wagtydyr. Wikipedia iň köp girilen sahypalary, Spotify esasy aýdymy, Kembrij we Oksford sözlükleri bolsa ýylyň sözüni kesgitleýän wagty, Google gözleg kompaniýasy hem 2025-nji ýylda iň meşhur gözleg soraglarynyň sanawyny hödürledi.

Bellemeli ýeri, bu ýönekeý bir meşhur sözler (meselem, «howa») däl-de, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende gyzyklanma has-da artan mowzuklardyr.
Geçip barýan ýylda öňdebaryjy orunlary emeli aň eýeledi. Umumy reýtingde birinji orny Google-yň öz Gemini çat-boty eýeleýär. Onuň yzyndan kriketde iň möhüm we ýygy-ýygydan bolýan duşuşyklaryň biri – «Hindistan Angliýa garşy» sport soragy gelýär.
Ýeri gelende bellesek, ilkinji onluga ýene bir EA – ýedinji orny eýelän DeepSeek hytaý modeli girdi.
Habarlaryň arasynda Çarli Kirkiň ölümi, Eýrandaky wakalar we ABŞ-nyň hökümetiniň işiniň togtadylmagy (şatdaun) uly gyzyklanma döretdi. Şahsyýetleriň arasynda ilkinji üçlüge aýdymçy D4vd, repçi Kendrik Lamar we alypbaryjy Jimmi Kimmel girdi.
Sport barada aýdylanda, ulanyjylar, esasan, FIFA-nyň Klublaýyn dünýä çempionaty, şeýle-de kriket ýaryşlary – Aziýanyň Kubogy we ICC çempionlarynyň Kubogy bilen köp gyzyklandy. Toparlaryň arasynda «Pari Sen-Žermen», «Benfika» futbol klublary we «Toronto Blýu Jeýs» beýsbol topary öňde barýar. Iň meşhur türgen boksçy Terens Krouford boldy.
Kino kategoriýasynda «Anora», «Supermen» we «Minecraft kinoda» filmleri uly gyzyklanma döretdi. Iň meşhur aktrisa «Anoradan» Maýki Medison boldy, onuň yzyndan Lýuis Pullman («Gök gürrüldedijiler*») we Izabela Mersed («Supermen») gelýär. Serial kategoriýasynda «Kalmar oýnundan» we «Ýetginjeklik döwründen» öňe geçen «Nägehanlar: Ed Giniň hekaýaty» öňde barýar.
Aşhana ugrundan iň meşhur soraglaryň sanawynda birinji orny ýiti-süýji sous Hot Honey eýeledi. Onuň yzyndan «Maňa durmuşa çyk» (Marry Me Chicken) towugynyň we çimiçurri sousynyň resepti ýerleşdi.
Kitaplaryň arasynda iň köp gözlenenler Kolin Guweriň «Saňa gynanýaryn», Rebekka Ýarrosyň «Oniks tupany» we Nawessa Alleniň «Yşyk sönende» romanlary boldy. Kompýuter oýunlary kategoriýasynda öňdebaryjylar Arc Raiders, Battlefield 6 we Strands boldy.
2025-nji ýyl üçin doly hasabat bilen Google-yň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz. 


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....