Google dolulygyna emeli aňyň kömegi bilen döredilen ilkinji mahabat wideosyny görkezdi

  • 04.11.2025 21:05
  • 6.7k+

Emeli aň mahabat wideolaryny döretmek üçin işjeň ulanylyp başlandy we olar eýýäm sosial ulgamlarda hem telewideniýede görkezilýär. Olaryň önümçiligi üçin OpenAI Sora we Google Veo 3 ýaly kuwwatly modeller ulanylýar. Bu gezek Google hem öz tehnologiýasyndan peýdalanmak kararyna geldi we ilkinji gezek doly EA bilen döredilen mahabat wideosyny hödürledi diýip, Wall Street Journal habar berýär. 

Wideonyň esasy gahrymany ýumşak görnüşli hindi towugy boldy. Ol Google gözleg ulgamyny açyp, EA režimini işjeňleşdirýär we fermadan gaçyp, Minnetdarlyk gününiň bellenmeýän ýerine gitmek isleýär – çünki ABŞ-da bu baýramçylykda, adatça, hindi towugy bişirilýär. Wideo telewideniýede, kinoteatrlarda, sosial ulgamlarda we dürli internet platformalarynda görkezilip başlandy. Geljekde kompaniýa Roždestwo üçin ýene bir wideo çykarmagy meýilleşdirýär.
Veo 3 wideo generatory eýýäm Ritual, Coign we Kalshi ýaly beýleki kompaniýalar tarapyndan ulanyldy. Google Creative Lab-yň marketing bölüminiň ýolbaşçysy Robert Won wideoda EA-nyň ulanylandygynyň ýörite bellenmändigini aýtdy. Maksat möwsümleýin nostalgiýa atmosferasyny döredip, tomaşaçylaryň çagalykda gören gepleşikleriniň ýa-da multfilmleriniň baýramçylyk sanlaryny ýatlatmakdy.
Mahabat EA tarapyndan döredilen hem bolsa, marketing biznesini awtomatizirlemekden entek ir. Çünki EA generatorlary häzirem adam keşplerini, köplenç, has “emeli” edýär.
Google, esasan, Veo 3-i wideolaryň garalama nusgalary üçin ulanýar. Ol soňra aktýorlar, režissýorlar we prodýuserler tarapyndan kämilleşdirilýär. Wonuň aýtmagyna görä, wagtyň geçmegi bilen EA Adobe Photoshop ýaly adaty bir gurala öwrülip bilner.


03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......