Apple Google-nyň Gemini emeli aňyny ulanmak üçin ýylda 1 milliard dollar tölär

  • 09.11.2025 21:03
  • 2k+

Apple özüne degişli Apple Intelligence platformasynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin Google Gemini emeli aňynyň ýöriteleşdirilen görnüşini ulanmagy meýilleşdirýär. Bloomberg žurnalisti Mark Gurmanyň maglumatlaryna görä, Apple bu tehnologiýa elýeterlilik üçin Google-a ýylda takmynan 1 milliard dollar tölär.

Çeşmeleriň bellemegine görä, Gemini tekstleri gysgaça jemlemek, meýilleşdirmek ýaly EA-funksiýalar üçin ulanylar we model Apple Private Cloud Compute serwerlerinde ýerleşdiriler. Bu kompaniýanyň maglumatlaryň gizlinligini goramak syýasatyna laýyk gelýär.
Şol bir wagtda Apple täze nesil Siri kömekçisini güýçlendirýän öz AI tehnologiýalaryny ulanmagyny dowam etdirer. Gurmanyň tassyklamagyna görä, Apple tarapyndan saýlanan Gemini wersiýasynda takmynan 1,2 trillion parametr bar — bu bolsa bulut versiýasyndaky Apple Intelligence modeliniň 150 milliard parametrinden has ýokary.
Google bilen hyzmatdaşlyk karary täzelenen Siri-niň işe girizilmegi gijikdirilenden soň kabul edildi. Apple alternatiwalary hökmünde OpenAI we Anthropic ýaly kompaniýalaryň modellerini hem göz öňünde tutupdy. Şeýle-de bolsa, bu şertnama Gemini çat-botunyň Siri-niň içine doly birleşdiriljekdigini aňlatmaýar — öň Siri, ChatGPT bilen integrasiýa edilen ýagdaýda galýar.
Apple-iň baş direktory Tim Kuk Siri-niň täze nesil wersiýasynyň geljek ýazda çykjakdygyny aýtdy. Şol bir wagtda kompaniýa daşarky EA üpjün edijiler bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny, emma geljekde Gemini ýaly ýörite EA ulgamlarynyň ornuny tutup biljek öz modellerini hem ösdürýändigini aýtdy.


31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......