Kazyýet Google-a kompaniýalar bilen gözlegi awtomatik ulanmak barada köpýyllyk şertnama baglaşmagy gadagan etdi

  • 10.12.2025 10:07
  • 1.9k+

ABŞ-da kazyýet Google-y öz gözleg ulgamynyň ýa-da emeli aň hyzmatlarynyň smartfonlarda we beýleki enjamlarda awtomatik ulanylmagy baradaky hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň şertlerine her ýyl gaýtadan garamaga borçlandyrdy.

Bu karar bilen kazy Amit Mehta ABŞ-nyň Adalat ministrligi tarapyndan teklip edilen çäklendirmeleri goldady. Çäklendirmeler Google-yň onlaýn gözleg bazarynda monopoliýaçy diýlip ykrar edilmegi bilen baglanyşykly boldy.
Ozal kompaniýa Apple we Samsung ýaly hyzmatdaşlar bilen köpýyllyk şertnama baglaşyp bilýärdi.
Karar Google-y iPhone we Android smartfonlarynda, şol sanda Samsung enjamlarynda esasy gözleg ulgamy bolmak baradaky şertnamany her ýyl gözden geçirmäge borçlandyrýar. Maksat bäsdeşlere, ilkinji nobatda, generatiw EA programmalaryny işläp düzüjilere orun üçin bäsleşmek mümkinçiligini bermekdir.
2024-nji ýylyň awgustynda Waşingtonda bu kazy Google-y web-gözleg bazarynda monopoliýaçy diýip ykrar edipdi. Şeýle-de, ol Adalat ministrliginiň Chrome brauzerini satmaga mejbur etmek baradaky arzasyna-da seretdi, ýöne ony ret etdi. Şol bir wagtyň özünde, Google bäsdeşleri bilen maglumatlary paýlaşmaga borçlandyryldy. Kompaniýa öndürijiler bilen gözleg ulgamy, brauzer we programma dükany bilen bagly aýratyn şertnamalary baglaşmak hukugyny-da ýitirdi.
Google kazyýetiň Apple we Samsung bilen gözleg ulgamy baradaky şertnamanyň ABŞ-nyň monopoliýa garşy kanunyna garşy gelýändigini nygtaýan çözgüdine garşy şikaýat etmek isleýär. Adalat ministrligi hem çözgüdiň bäsdeşligi goramak çäreleri bilen bagly tarapyna garşy şikaýat edip biler. 


14.06.2026 15:10
1.3k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

14.05.2026 18:54
6k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

24.02.2026 09:46
1.8k+

Google Newadadaky maglumat merkezlerini 15 ýyllap geotermal energiýa bilen üpjün eder

Google kompaniýasy Newada ştatyndaky maglumat merkezleriniň (data-center) işini üpjün etmek üçin kuwwaty 150 MWt çenli bolan geotermal energiýany satyn almak barada 15 ýyllyk şertnama gol çekdi. Ylalaşyk Berkshire Hathaway-iň düzümine girýän NV Energy jemgyýetçilik hyzmaty we geotermal energetika pudagynda işleýän Ormat kompaniýasy bilen baglaşyldy...

12.02.2026 17:27
1.1k+

ABŞ Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny çip paçlaryndan boşatmak isleýär

ABŞ-nyň Söwda ministrligi ýurduň tehnologiýa ägirtleri bolan Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny ýarymgeçirijileriň importyna giriziljek täze gümrük paçlaryndan boşatmagy meýilleşdirýär. Bu başlangyç dünýäniň iň uly çip öndürijisi bolan Taýwanyň TSMC kompaniýasynyň ABŞ-daky maýa goýum taslamalary bilen göni baglanyşyklydyr...