ABŞ Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny çip paçlaryndan boşatmak isleýär

  • 12.02.2026 17:27
  • 1.1k+

ABŞ-nyň Söwda ministrligi ýurduň tehnologiýa ägirtleri bolan Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny ýarymgeçirijileriň importyna giriziljek täze gümrük paçlaryndan boşatmagy meýilleşdirýär.

Bu başlangyç dünýäniň iň uly çip öndürijisi bolan Taýwanyň TSMC kompaniýasynyň ABŞ-daky maýa goýum taslamalary bilen göni baglanyşyklydyr. Paçlaryň ýatyrylmagy maglumat merkezleri we emeli aň ulgamlary üçin ösen çipleri satyn alýan bulut üpjün edijileriniň maliýe çykdajylaryny azaltmaga gönükdirilendir.
Çaklamalara görä, TSMC özüniň amerikan müşderileriniň arasynda gümrük pajyndan boşadylmagyň kwotalaryny paýlamak hukugyna eýe bolar. Bu kwotalaryň möçberi TSMC-niň ABŞ-da guran önümçilik desgalaryna goýan maýa goýumlarynyň gerimine bagly bolar.
Ak Tam bu mehanizm arkaly bir wagtyň özünde hem ýerli çip önümçiligini höweslendirmegi, hem-de amerikan IT korporasiýalarynyň dünýä bazaryndaky bäsdeşlik ukybyny gorap saklamagy maksat edinýär.
Ak Tam ýanwar aýynda çip importyna ýokary paçlary girizmek meýilnamasyny yglan edipdi, ýöne ýeňillikleriň berliş tertibi häzirki wagtda gutarnykly işlenilýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, bu ýeňillikler esasan emeli aň (AI) infrastrukturasynda ulanylýan iň täze we ýokary tehnologiýaly komponentlere degişli bolar.
Häzirki wagtda bu meýilnama diňe maslahatlaşma tapgyryndadyr. Maksatnamanyň anyk görkezijileriniň geljek aýlarda gutarnykly ylalaşylmagyna we tassyklanmagyna garaşylýar.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:42
3.5k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......