Google Newadadaky maglumat merkezlerini 15 ýyllap geotermal energiýa bilen üpjün eder

  • 24.02.2026 09:46
  • 1.7k+

Google kompaniýasy Newada ştatyndaky maglumat merkezleriniň (data-center) işini üpjün etmek üçin kuwwaty 150 MWt çenli bolan geotermal energiýany satyn almak barada 15 ýyllyk şertnama gol çekdi. Ylalaşyk Berkshire Hathaway-iň düzümine girýän NV Energy jemgyýetçilik hyzmaty we geotermal energetika pudagynda işleýän Ormat kompaniýasy bilen baglaşyldy.

Şertnamanyň şertlerine görä, Google elektrik energiýasyny durnukly hasaplanýan geotermal çeşmelerden alar. Bu çeşmeler gün we ýel energiýasyndan tapawutlylykda, howa şertlerine garamazdan gije-gündizleýin energiýa öndürip bilýärler.
Taslamanyň döwlet edaralaryndan iň soňky rugsatnamany şu ýylyň ikinji ýarymynda almagyna garaşylýar.
Kuwwatlandyryş ulgamynyň işe girizilmegi 2028-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli, ýagny Ormat kompaniýasynyň geotermal elektrik stansiýalarynyň giňelmegine görä tapgyrlaýyn amala aşyrylar.


14.05.2026 18:54
5.6k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

11.05.2026 18:16
4.9k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

13.04.2026 00:13
4.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Bu barada «TDH» habar berýär....

11.04.2026 23:33
8.4k+

Hökümet mejlisinde Lebap welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan iri desgalar barada maglumat berildi

10-njy aprelde Lebap welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow beýleki meseleler bilen bir hatarda, bu sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň meselelerine hem......