Gmail maglumatlary ýitirmezden elektron poçta salgysyny üýtgetmäge mümkinçilik berer

  • 29.12.2025 11:32
  • 2.4k+

Google ulanyjylara öz akkauntlaryny ýa-da maglumatlaryny ýitirmezden, Gmail elektron poçta salgylaryny üýtgetmäge mümkinçilik berýän funksiýany girizip başlady. Bu barada kompaniýanyň goldaw sahypasyndaky täzelenen mümkinçilikleriň sanawynda habar berilýär.

Ulanyjylar indi özleriniň @gmail.com salgysyndaky adyny üýtgedip bilerler. Salgy üýtgedilenden soň, köne e-poçta salgysyna iberilýän ähli hatlar şol bir hasaba gelmegini dowam etdirer. Google-yň düşündirişine görä, köne salgy awtomatik usulda goşmaça (alias) salgy hökmünde hasaba alnar.
Hasaba girmek üçin indi täze salgy ulanylar, ýöne ulanyjynyň suratlary, resminamalary we beýleki şahsy maglumatlary doly saklanar.
Bu hyzmat birnäçe çäklendirmeleri hem öz içine alýar. Salgyny üýtgedeninden soň, ulanyjy bir ýylyň dowamynda täze e-poçta salgysyny pozup ýa-da gmail.com domeninde täze bir salgy döredip bilmez. Mundan başga-da, bir hasabyň salgy adyny onuň hereket edýän bütin döwründe diňe üç gezek üýtgetmäge rugsat berilýär.
Köne salgy ulanyja hemişelik berkidilýär; ony başga hiç kim täzeden hasaba aldyryp bilmez.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....