Gemini Google-yň emeli aňda ýasalan mazmunyny tanamagy öwrendi

  • 22.12.2025 15:14
  • 2.7k+

Google öz Gemini çat-botuna kompaniýanyň EA modelleri tarapyndan döredilen kontenti tanamak funksiýasyny goşdy. Munuň üçin ýörite sanly bellik ulanylýar.

Ulanyjy Gemini çat-botuna surat ýa-da wideo iberip, olaryň emeli aň tarapyndan döredilendigini ýa-da ýokdugyny sorap biler. Kompaniýa modeliň hatda logotip kesilen bolsa-da, Veo we Nano Banana tarapyndan döredilen EA kontenti kesgitleýändigini aýdýar.
Bu funksiýa Google-yň öz EA hyzmatlarynda döredilen kontentleri bellik etmek üçin ulanýan SynthID sanly suw belligine esaslanýar. Şeýle-de, Gemini, eger wideo neýroulgamyň kömegi bilen redaktirlenen bolsa, wideonyň haýsy böleklerinde bu belligiň peýda bolýandygyny görkezip biler.
EA suratlary tanamak funksiýasy barada 2025-nji ýylyň noýabrynda habar berildi.
20-nji noýabrda Google surat döretmek üçin täzelenen Nano Banana Pro modelini hödürledi. Ulanyjylar onuň adamlary hakyky ýaly döredýändigini belleýär. Käbir ulanyjylar bolsa sosial ulgamlarda EA kontentine kanuny derejede bellik goýmagy girizmelidigi barada ýazýar.
Google wideo döretmek üçin Veo 2, Veo 3 modellerini, şeýle-de onuň kämilleşdirilen Veo 3.1 wersiýasyny ulanýar. 


25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....