Android 17-de habarnamalary ýaşyrmagyň täze usuly synag edilýär

  • 13.01.2026 16:06
  • 1.7k+

Android 17 operasion ulgamynyň beta görnüşinde ulanyjynyň gizlinligini goramaga niýetlenen täze funksiýa ýüze çykaryldy. Ol ulanyjylara ekrana çykýan penjirelerde habarnamalaryň görkezilişini sazlamaga mümkinçilik berýär diýip, GizChina portaly habar berýär.

Bu funksiýanyň peýda bolmagyny ulgam kodunda – app_locked_new_notification we app_locked_notification_message elementleriniň bardygy we ulanyjylara bildirişiň mazmunyny beýleki programmalardan ýaşyrmaga mümkinçilik berýän mehanizmiň işlenip düzülendigini aňladýar.
App Lock funksiýasynyň bir bölegi hökmünde ulgamyň bildiriş tekstini we iberiji maglumatlaryny «täze habarnama» ýaly neýtral bellik bilen çalşyrmagyna garaşylýar. Bu smartfonyň ekranynyň daş-töwerekdäkilere görnüp biläýjek ýeri bolan jemgyýetçilik ulaglarynda ýa-da köpçülik ýerlerinde şahsy maglumatlara elýeterliligi çäklendirer.
Google bu aýratynlygyň ornaşdyrylandygyny heniz resmi taýdan yglan etmedi. Şeýle-de bolsa, onuň Android 17 beta wersiýasynda bolmagy  OS-iň soňky wersiýasyna goşulmak ähtimallygynyň ýokarydygyny görkezýär.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

05.05.2026 15:24
991

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....