Google we Epic Games bäş ýyllyk kazyýet jedelinden soň ylalaşyga geldiler

  • 08.11.2025 00:11
  • 1.1k+

Google we Epic Games bäş ýyl dowam eden kazyýet jedellerinden soň, özara dawany soňlajak "ählitaraplaýyn ylalaşyk" gazanandyklaryny mälim etdiler. Bu resminamanyň indi kazyýet tarapyndan tassyklanmagyna garaşylýar.

Täze ylalaşygyň çäklerinde, Google Play dükanynda indi üçünji taraplaryň programma dükanlaryny göçürip almak mümkinçiligi peýda bolar. Mundan daşary, programmalar we oýunlar bilen işleýän işläp düzüjiler ulanyjylara Google-iň resmi töleg ulgamyny aýlap geçýän alternatiw töleg usullaryny hödürläp bilerler. Ylalaşyk boýunça goşmaça jikme-jiklikler häzirlikçe açylmady.
Bu jedel Epic Games-iň Fortnite oýnuna özbaşdak içerki satyn alyş ulgamyny girizmeginden soň başlanypdy. Epic bu ugurda Google we Apple-nyň komissiýalaryndan aýlanyp geçipdi. Şondan soň iki kompaniýa hem Fortnite-y öz dükanyndan aýyrdy, Epic bolsa olary monopolistik syýasat ýöretmekde aýyplap kazyýete ýüz tutdy.
2024-nji ýylda Kaliforniýadaky kazyýet karary Epic Games-iň peýdasyna çykaryp, Google-yň üç ýylyň dowamynda Google Play arkaly üçünji tarap programma dükanlaryny göçürip almaga mümkinçilik bermegi talap edipdi. 2025-nji ýylyň iýulynda şikaýat kazyýeti bu karary tassyklady. Häzir gazanylan täze ylalaşyk bolsa şol öňki çözgütleri resmileşdirýär we durmuşa geçirmegi üpjün edýär.


düýn 09:49
1.9k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.05.2026 23:57
1.3k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...

13.02.2026 10:58
3k+

Google käbir işgärlerine «öz islegi bilen» işden gitmegi teklip etdi

Google özüniň «Global Business Organization» (GBO) bölüminiň işgärleriniň belli bir bölegini meýletin işden gidermek maksatnamasyna başlaýar. Bu barada kompaniýanyň täjirçilik direktory Filipp Şindleriň gulluk hatyny öwrenen Business Insider neşiri mälim etdi...