Google Android üçin Chrome-a wkladkalary berkitmek funksiýasyny goşdy

  • 28.11.2025 11:48
  • 1.4k+

Google kompaniýasy Android üçin Chrome mobil brauzerinde wkladkalary berkitmek funksiýasyny synagdan geçirmäge başlady. Möhüm wkladkalary tötänleýin ýapmagy kynlaşdyrýan bu mümkinçilik, Chrome Canary-iň ilkinji synag gurluşynda eýýäm standart görnüşde elýeterlidir.

Chrome-yň durnukly wersiýasynda bu funksiýany işjeňleşdirmek üçin ulanyjylar degişli baýdagy ($chrome://flags/#android-pinned-tabs$) işjeňleşdirmeli we brauzeri täzeden başlatmaly. Şondan soň, wkladkalaryň umumy görnüşi ekranynda uzak wagtlap basylanda, açylýan menýuda Pin (“Berkitmek”) opsiýasy peýda bolar.
Wkladka berkidilende ýokarky sag burçda haç nyşanjygynyň ýerine temençe nyşanjygy peýda bolýar. Wkladkanyň üstünden gaýtadan uzak wagtlap basmak bilen, temençäni aýryp bolýar. Menýuda "Ähli wkladkalary ýap" düwmesine basmak bilen berkidilen wkladkalaryň hem aýrylýandygyny (ýapylýandygyny) bellemek gerek.


25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
3k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......