"Google Suratlar" indi äýnegi aýryp, suratlardaky ýüz keşbi üýtgedip biler

  • 17.11.2025 12:27
  • 1.1k+

Google kompaniýasy täze EA mümkinçilikleri bolan “Google Suratlar” programmasyna täzelenme çykardy. Indi ulanyjylar fotosuratlardaky detallary redaktirläp bilerler, mysal üçin äýnekleri aýryp, ýylgyryş goşup ýa-da suratdaky adam surata düşen wagty gözüni ýuman bolsa, ony açyp biler. Bularyň hemmesi ýönekeý buýruklar arkaly amala aşyrylýar.

Aýdylan teklipler boýunça redaktirleme funksiýasy awgust aýynda Pixel 10 (ýa-da Pixel telefonlarynyň soňky görnüşleri) Android enjamlary üçin çykypdy, indi bolsa iOS-yň ulanyjylary üçin hem elýeterli boldy. Buýruklar ses ýa-da tekst arkaly girizilip bilner. Täzelenme häzirlikçe diňe ABŞ-daky ulanyjylar üçin elýeterlidir.
Şeýle hem, Google iOS üçin täze surat redaktoryny hödürledi. EA suratdaky adamlary tanamaga we maksatlaýyn üýtgeşmeleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, programma retro portretler we elde çekilen gahrymanlar ýaly täsin stillerde suratlary döretmek üçin şablonlar goşuldy.
Indi interfeýsde EA mümkinçiliklerine we redaktirleme üçin taýýar tekliplere giriş nokady bolup hyzmat edýän "Soramak" düwmesi bar.
Kompaniýa şeýle hem, EA bilen işleýän Ask Photos gözleg funksiýasyna girişi giňeltdi – ol häzirki wagtda 100-den gowrak ýurtda elýeterli we rus, arap, bengal, fransuz, nemes, hindi, indoneziýa, italýan, ýapon, portugal we ispan ýaly täze dilleri goldaýar.


şu gün 12:35
2.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......