Google-yň başlygy "EA köpürjiginiň" töwekgelçilikleri barada duýdurdy

  • 20.11.2025 13:02
  • 2.8k+

Alphabet we Google kompaniýalarynyň baş direktory Sundar Piçai BBC teleýaýlymyna beren interwýusynda emeli aň (EA) pudagynyň çalt ösmegi bilen bagly bolup biläýjek töwekgelçilikler barada gürrüň berdi.

Sundar Piçai eger EA bazary "köpürjik" derejesine ýetip, soňra ýarylsa, munuň her bir kompaniýa täsir etjekdigini belledi. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda bu ugra gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi "aşa köp". Eger-de bardy-geldi, emeli aňa bolan maýa goýumlar we gyzyklanmalar birden togtadylaýsa, onda netijeler agyr bolup biler. 

Google-yň mümkin bolan çökgünligiň netijelerinden gaça durup biljekdigi baradaky soraga jogap berip, Sundar Piçai şeýle diýdi: "Meniň pikirimçe, biziňkini hem goşmak bilen, hiç bir kompaniýa goragly däl."
Şol bir wagtyň özünde, Piçai emeli aň tehnologiýalarynyň hakykatdanam özgerdiji häsiýete eýe bolandygyny nygtady.
Ol EA-ny Internet bilen deňeşdirdi: "Biz häzir Interneti ýatlap bileris. Elbetde, artykmaç maýa goýumlary köp boldy, ýöne hiç birimiz onuň ähmiýetine şübhelenmedik. Men EA bilen hem şonuň ýaly bolmagyna garaşýaryn. Ol bir wagtda hem rasional, hem-de irrasionallygyň elementlerini öz içine alýar," – diýip, Google-yň başlygy aýtdy.


03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......