3.8k+

OpenAI-den EA Halkara matematika olimpiadasynda “altyn medal” gazandy

OpenAI-iň synag emeli aň modeli Halkara matematika olimpiadasynda (IMO) 42 baldan 35 bal gazandy, bu bolsa altyn medalyň netijesine laýyk gelýär. Bu barada kompaniýada habar berildi. EA dünýäniň iň abraýly matematika ýaryşlarynyň birinde şeýle derejäni ilkinji gezek görkezýär...

2.6k+

Mask çagalar üçin Baby Grok çat-botuny döreder

Ilon Maskyň xAI startapy Grok çat-botunyň çagalar üçin niýetlenen görnüşini döretmek bilen meşgullanar. Bu barada telekeçi X sosial ulgamynda habar berdi. Täze çat-bot Baby Grok adyny alar we çagalar kontentine gönükdiriler...

9.8k+

Adamlaryň ChatGPT-den köplenç näme soraýandyklary belli boldy

Sensor Tower analitik platformanyň berýän maglumatlaryna görä, ChatGPT-niň ulanyjylary, köplenç, çat-bot bilen programma kodunyň işlenip düzülişi boýunça habarlaşýarlar - bu kategoriýa ähli ýüz tutmalaryň 29%-ini düzýär...

2.5k+

Google-yň Gemini emeli aňy ulanyjynyň messenjerlerindäki ähli habarlara girip biler

Google-yň Gemini AI modeli, messenjerleri goşmak bilen, smartfonlarda üçünji tarap programmalaryna girip biler. Bu barada korporasiýa ýakynda AI ulgamyna täzelenme hödürlände yglan etdi. Google täze funksiýanyň "ulanyjylar üçin peýdalydygyny" we Gemini-ä göni Android smartfonlaryndan habar ibermek we jaň etmek ýaly, gündelik işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berjekdigini aýdýar...

3.8k+

Adamyň derejesinde tagam duýup bilýän emeli dil döredildi

Alymlar grafen oksidine we maşyn öwreniş algoritmlerine esaslanýan tagam duýuş datçiginiň täze neslini hödürlediler. Enjam adam duýgusyna ýakyn takyklyk bilen tagam duýmaga ukyply we agyzdaky şertleri gaýtalap, çygly gurşawda işläp bilýär diýip, Phys...

1.9k+

Google Gemini suratlary sesli gysga wideolara öwürmegi öwrendi. Funksiýa – tölegli

Google kompaniýasy Gemini EA çat-botuna suratlary animasiýa öwürmek funksiýasyny goşdy. Onuň kömegi bilen ulanyjylar fon sesleri we sözleýişler bilen sekiz sekuntlyk wideolary döredip biler. Täze funksiýa Veo 3 wideo modeline esaslanýar we eýýäm käbir ýurtlarda Google AI Ultra hem-de Pro nyrhnamalaryna ýazylan ulanyjylar üçin elýeterlidir...

2.4k+

EA Microsoft-a 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga kömek etdi

Emeli aň Microsoft korporasiýasyna soňky bir ýylda koll-merkezleriniň işinde 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga mümkinçilik berdi diýip, Bloomberg habar berýär. Bu barada maglumaty Microsoft-yň baş täjirçilik müdiri Jadson Oltoff aýtdy...

2.5k+

Ilon Mask ylmy açyşlara ukyply Grok 4 neýroulgamyny hödürledi

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Grok 4 neýroulgamyny hödürledi. Işläp düzüjileriň nygtamagyna görä, ol öňki wersiýadan on esse kuwwatlydyr. Täze model çylşyrymly meseleleri çözmäge ukyply bolup, PhD derejesinden (ylymlar kandidaty derejesine barabar) ýokary bilim derejesini görkezýär...

10k+

Emeli aňly robot ilkinji gezek hirurg gatnaşmazdan öt haltany aýyrdy

Lukmançylygyň taryhynda ilkinji gezek emeli aň tarapyndan dolandyrylýan robot hirurgiki operasiýanyň çylşyrymly bölegini özbaşdak amala aşyrdy. Bu barada Jons Hopkins uniwersitetiniň synagy geçiren barlagçylaryna salgylanýan Reuters agentligi ýazýar...

2k+

Meta Apple-yň emeli aň boýunça esasy hünärmenini özüne çekdi

Apple-yň emeli aň boýunça öňdebaryjy hünärmenlerinden biri bolan Ruoming Pang kompaniýany terk edip, Meta geçýär. Bloomberg agentliginiň habaryna görä, ol täze döredilen Superintelligence Labs laboratoriýasynda esasy wezipä bellener...

3.5k+

Jons Hopkins uniwersitetiniň emeli aňy ýüregiň birden durmak howpuny 93%-e çenli takyklyk bilen anyklaýar

Jons Hopkins uniwersitetiniň alymlary ýüregiň birden durmak howpuna degişli alamatlary ýokary takyklyk bilen ýüze çykarýan emeli aň algoritmini işläp düzdüler. Model hassalaryň doly lukmançylyk maglumatlaryny, şol sanda öňki ýürek MRT (magnit-rezonans tomografiýa) barlaglaryny hem seljerýär we ölüm howpuny ýokarlandyrýan dokumanyň, ýagny fibrozanyň bardygyny-ýokdugyny kesgitleýär...

2.3k+

ChatGPT kosmos gämisini dolandyrmaga ukyplydygyny görkezdi

ChatGPT kosmos gämisini dolandyrmaga ukyply bolup çykdy. Ol «Kerbal Space Program Differential Games» atly simulýasiýadaky uçuş bäsleşiginde ikinji orny eýeledi. Bu barada «Live Science» neşiri habar berýär. Bäsleşik ilkinji gezek 2023-nji ýylda Massaçusets tehnologiýa institutynyň başlangyjy bilen geçirilip başlandy...

2.7k+

Melaniýa Tramp EA-nyň kömegi bilen ses berlen audio kitabyny çykardy

Melaniýa Tramp neýroulgam arkaly ses berlen “Melaniýa” ýatlamalarynyň audio görnüşini çykardy. Emeli aň onuň öz sesini, intonasiýasyny we äheňini gaýtalady diýip, Futurism neşiri ýazýar. ABŞ-nyň Birinji hanymynyň sesiniň sanly nusgasyny döretmek boýunça iş ElevenLabs amerikan kompaniýasy tarapyndan geçirildi...

1.7k+

Netflix her tomaşaçy üçin film we treýler döretmäge niýetlenen EA esasly tehnologiýany patentleýär

Netflix emeli aň tehnologiýasy arkaly şahsylaşdyrylan treýlerleri we interaktiw filmleri döretmegiň üstünde işleýär. Muňa  kompaniýanyň täze patentleri şaýatlyk edýär diýip, Business Insider habar berýär. Dekabr aýynda berlen bir patentde her bir ulanyjy üçin şol bir filmiň treýlerleriniň dürli wersiýalaryny döretmegiň mümkindigi beýan edilýär...

2.5k+

Sukerberg Meta-da “super aňy” işläp düzmek üçin täze bölümçe döretdi

Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg indiki nesliň emeli aňyny ösdürmek bilen meşgullanjak täze bölümçäniň – Meta Superintelligence Labs-yň (MSL) döredilendigini habar berdi. Bu bölümçä Scale AI-iň öňki ýolbaşçysy Aleksandr Wan we GitHub-yň öňki ýolbaşçysy Net Fridman ýolbaşçylyk eder...