OpenAI 13-nji fewraldan başlap GPT-4o we beýleki köne modellerini öçürer

  • 31.01.2026 18:17
  • 1.2k+

13-nji fewraldan başlap OpenAI kompaniýasy ChatGPT interfeýsinden könelen emeli aň modellerini aýyrýar. Ulanyşdan aýryljak modelleriň hatarynda GPT-4o, GPT-4.1, GPT-4.1 mini we OpenAI o4-mini bar.

Işläp düzüji mundan beýläk ähli ünsüni GPT-5 seriýasynyň häzirki zaman wersiýalaryna, hususan-da, ulanyjylaryň aglaba böleginiň makullaýan GPT-5.2 modeline gönükdirmegi maksat edinýär. Maglumatlara görä, häzirki wagtda GPT-4o modelinden peýdalanýanlar ähli ulanyjylaryň diňe 0,1%-ini düzýär. Bu karar GPT-5 Instant we Thinking wersiýalarynyň işiniň tamamlanmagy baradaky meýilnama bilen bir wagtda durmuşa geçirilýär.
Çat-botuň esasy interfeýsindäki üýtgeşmelere garamazdan, üçünji tarap işläp düzüjileri bu köne algoritmlere API platformasy arkaly girip bilerler. Bu bolsa ozalky tehnologiýalary beýleki programmalarda ulanmaga mümkinçilik berer.
GPT-4o modeli 2024-nji ýylyň maýynda mugt GPT-3.5 bilen has ösen GPT-4-iň arasyndaky "köpri" hökmünde tanyşdyrylypdy.
Kompaniýa häzirki wagtda neýron torlarynyň täze nesillerini (iterasiýalaryny) ösdürmek üçin öz serişdelerini birleşdirip, bu geçiş tapgyryny doly tamamlaýar.


25.06.2026 10:21
4.6k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.2k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......