Analog çip sanly prosessorlardan 5000 esse netijeli bolup çykdy

  • 29.01.2026 13:43
  • 2k+

Italiýada maglumatlary işläp taýýarlamakda sanly çözgütler bilen deňeşdirilende 5000 esse az energiýa sarp edýän analog prosessoryň prototipi işlenip düzüldi. Milanyň politehniki uniwersitetiniň barlagçylarynyň TechXplore neşirine beren maglumatyna görä, bu enjam robototehnika we emeli akyl ulgamlary üçin niýetlenendir.
Çip 90 nm-lik KMOP (Kombinirlenen metal-oksid-poluprowodnik) tehnologiýasy boýunça öndürilip, ol statik ýat (SRAM) we rezistiw ýat (ReRAM) öýjükleriniň birleşmesine esaslanýar. Enjamyň arhitekturasy matrisalar we wektorlar bilen amallary, şol sanda matrisalaryň inwersiýasyny göni ýadyň içinde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýat bilen prosessoryň arasynda maglumatlaryň yzygiderli ugradylmagyny talap etmeýän klassiki «fon Neýman» arhitekturasynyň «dar geçit» meselesini çözýär.
Täze taslama analog ters aragatnaşyk halkasyna birleşdirilen 64 × 64 ölçegindäki iki sany ýat toplumyny öz içine alýar. Barlagçylar platformany durmuşa geçirmekde Pekin uniwersitetiniň alymlarynyň taslamalaryny binýat hökmünde ulandylar. Amaly synaglar robotlaşdyrylan manipulýatorlary dolandyrmak we Kalman süzgüjiniň kömegi bilen hereket ýollaryny yzarlamak ýumuşlarynda geçirildi.
Synaglaryň netijeleri analog çaltlandyryjynyň takyklygynyň, maglumat gijikimeleriniň we kristal meýdanynyň ep-esli gysgalmagyna garamazdan, sanly ulgamlar bilen bir derejededigini tassyklady.


düýn 11:10
671

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 23:04
2.4k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.6k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 17:00
3.1k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....