Emeli aň himiýa senagatynda işläp taýýarlamalary çaltlaşdyrdy: täze laklardan ekologik gaplamalara çenli

  • 30.01.2026 15:08
  • 1k+

Generatiw emeli aň diňe bir tekstleri, suratdyr wideolary däl, eýsem himiýa senagatynda-da täze materiallary döretmekde öz mümkinçiliklerini giňden görkezip başlady. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär.
Bu tehnologiýalar öňünden kesgitlenen aýratynlyklary bolan önümleri almak üçin zerur komponentleri saýlap we utgaşdyryp bilýär. Ozal diňe hünärmenleriň tejribelerine esaslanyp, şeýle netijeleri almak mümkin däldi ýa-da köp barlaglary talap edýärdi. 
Mysal üçin, PPG öndürijisi awtomobiller üçin niýetlenen Deltron Premium Glamour Speed Clearcoat lagyny döretmekde emeli aňdan peýdalandy. Ulgam bary-ýogy birnäçe minutyň dowamynda komponentleriň iň laýyk utgaşmasyny hödürledi, netijede lak örtüginiň 140 °C temperaturada gurama wagty 30 minutdan 5 minuta çenli azaldy. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, otag temperaturasynda bu material bir sagatda guraýar, bu bolsa meňzeş önümlerden iki esse çaltdyr. Bu işläp taýýarlama önümler baradaky maglumatlaryň sanlylaşdyrylmagy we Karnegi — Mellon uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk arkaly mümkin boldy.
Beýleki iri korporasiýalar hem şuňa meňzeş çözgütleri ornaşdyrýar. Procter & Gamble emeli aňy hojalyk himiýa serişdeleriniň yslaryny döretmek üçin ulanýar, Mars kompaniýasy bolsa her ýyl 246 tonna plastigi tygşytlaýan gaplamany döretdi. 3M kompaniýasynyň wekilleri algoritmleri tozan aýyrmak ukyby kämilleşdirilen ýokary öndürijilikli ýylmaýjy diskleri taslamak üçin ulandy.
TerraSafe startapy sanly modelleriň kömegi bilen suwda ereýän ýaprak görnüşli kir ýuwujy serişdesini döretdi. Emeli aňyň ulanylmagy bir wagtyň özünde birnäçe ölçeg boýunça tehniki parametrleri kesgitlemäge we çylşyrymly himiki birleşmeleri modelirlemek prosesini ep-esli çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.


02.06.2026 12:45
7.6k+

Koreýaly alymlar tüwi kagyzynyň kömegi bilen köne elektronikalardan altyn almagy öwrendiler

Günorta Koreýanyň himik alymlary adaty tüwi kagyzyny ulanmak arkaly elektron galyndylardan we senagat zibillerinden altyny bölüp almagyň ekologik taýdan arassa hem-de örän arzan tehnologiýasyny işläp düzdüler....

31.05.2026 13:04
6.4k+

Fizikler altynyň «ebedi lowurdysynyň» syryny açdy we ony soldurmagyň usulyny tapdy

Altynyň ony naýbaşy şaý-sep metalyna öwürýän himiki passiwligi uzak wagtlaryň dowamynda ylym üçin syr bolup galdy. Tuleýn uniwersitetiniň (ABŞ) alymlar topary ilkinji gezek altynyň okislenmäge bolan täsin......

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......

16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......