Günorta Koreýa dünýäde ilkinji bolup emeli aň boýunça tolplumlaýyn kanuny kabul etdi

  • 24.01.2026 12:19
  • 1.9k+

Günorta Koreýa AI äleminde ilkinji toplumlaýyn «Emeli aňyň esasy kanunyny» kabul etdi. Bu barada The Wall Street Journal gazeti hökümetiň beýanatyna salgylanyp habar berdi.

Kanun alty bölümden we 43 maddadan ybarat. Onuň maksady raýatlary goramak we emeli aň ulanylyşynda «ynam binýadyny» döretmekdir. Kanun hususy ulanyjylaryň hereketlerini düzgünleşdirmegi maksat edinmeýär.
Kanun agyz suwunyň önümçiligi we ýadro desgalaryny dolandyrmak ýaly adam howpsuzlygyna täsir edýän ugurlarda emeli aňyň ulanylyşy baradaky maglumatlaryň açyk bolmagyny talap edýär. Talaba görä, kompaniýalar AI ulgamlarynyň nähili karar kabul edýändigini düşündirmelidir we muňa adamyň goşulyşmak ähtimallygyny göz öňünde tutmalydyr.
Mundan başga-da, hyzmat AI algoritmler bilen işleýän bolsa, ulanyjylar habarnamalary almalydyrlar. Bu düzgün, mysal üçin, karz alyjylary we işe dalaşgärleri bahalandyrmak maksatly ulgamlara degişlidir. Olar AI tarapyndan döredilen, emma hakyky ýaly bolup görünmegi mümkin bolan mazmuna bellik etmelidirler.
Kanun ýurtda emeli aňyň ösüşine goldaw bermek üçin çäreleri hem göz öňünde tutýar. Düzgün bozmalar üçin 30 million günorta koreýa wonuna (takmynan 20,400 dollar) çenli jerime we düzediş buýrugy bilen jeza berilýär.
Häkimiýetler täze kanuna geçiş döwri üçin bir ýyldan az bolmadyk möhlet kesgitlenildi.


23.06.2026 14:40
2.6k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

19.06.2026 19:47
1.3k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

18.06.2026 09:55
886

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

09.06.2026 12:22
2.7k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......