Google-ň gözlegi: Kompaniýa Gmail we Photos-daky faýllary «dörjeläp» bilýän «Şahsy aňy» synagdan geçirýär

  • 25.01.2026 18:18
  • 1k+

Google kompaniýasy özüniň gözleg ulgamynda täze «Personal Intelligence» (Şahsy aň) funksiýasyny synag edip başlady. Bu täzelik emeli aňa Gmail we Google Photos (Google Suratlar) goşundylardaky maglumatlary seljermäge, şonuň esasynda-da ulanyja has takyk we şahsy jogaplary bermäge mümkinçilik döredýär.
Bu funksiýa häzirlikçe diňe ABŞ-daky «Google AI Pro» we «AI Ultra» abunasyna ýazylan ulanyjylar üçin elýeterli bolup, diňe şahsy Google hasaplarynda işleýär. Kompaniýanyň düşündirişine görä, ulgam elektron poçtalardaky we suratlardaky maglumatlara esaslanyp, ulanyjynyň gyzyklanmalaryny hem-de gündelik işjeňligini göz öňünde tutýar.
Meselem, eger Gmail poçtasynda myhmanhana bron edilen bolsa, Google Photos-da bolsa şol syýahatdan düşürilen suratlar bar bolsa, emeli aň ulanyja maşgalasy üçin şoňa görä amatly ýerleri we restoranlary maslahat berip, täze syýahat ugruny teklip edip biler. Eger ulanyjy ýygy-ýygydan doňdurma iýip surata düşýän bolsa, ulgam oňa golaýdaky iň gowy doňdurma taýýarlaýan kafeleri salgy berer. Internet arkaly söwda edilende bolsa, emeli aň ulanyjynyň öň satyn alan ýa-da geýmegi halaýan brendleriniň harytlaryny öňe çykarar.
Google bu nusganyň gönüden-göni Gmail ýa-da Google Photos-yň içindäki maglumatlar esasynda tälim almaýandygyny nygtaýar. Wagtyň geçmegi bilen öndürijiligi ýokarlandyrmak üçin, ol çäkli maglumatlar toplumyny — ulanyjynyň anyk sowallaryny we modeliň jogaplaryny ulanýar.
Mundan ozal kompaniýa «Personal Intelligence» ulgamyny Gemini kömekçisine ornaşdyrypdy. Şol hyzmatda ulgam Gmail we Google Photos-daky maglumatlary bilen bir hatarda, YouTube-daky tomaşa edilen wideolaryň hem-de gözleg ulgamyndaky soraglaryň taryhyny hem göz öňünde tutup bilýär.


10.06.2026 11:10
736

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 15:01
1.7k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 09:45
1.4k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....