Google Discover-iň emeli aňy habarlary ýoýmagyny dowam edýär, ýöne bu ýagdaý kompaniýany kanagatlandyrýar

  • 27.01.2026 15:07
  • 2.1k+

Dekabr aýynyň başynda The Verge neşiri Google-yň "Discover" lentasyndaky asyl sözbaşylary mazmunyna hemişe kybap gelip durmaýan, emeli aň (EA) tarapyndan döredilen sözlemler bilen çalşyp başlaýandygyny habar beripdi. Kompaniýa şol wagt bu ýagdaý barada düşündiriş bermedi, ýöne soňra bu funksiýanyň "netijeli işleýändigini" we yzygiderli ýalňyşlyklara garamazdan, ulanyjylaryň göwnünden turýandygyny mälim etdi.

Google makalalaryň sözbaşylaryny gaýtadan ýazmaýandygyny, gaýtam okyjylara "aktual temalary" görkezýändigini öňe sürýär. Bu temalar hiç hili goşmaça fakt barlagy geçirilmezden, asyl materiallara salgylanmalar we suratlar bilen bilelikde, belli bir köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hususy materialy ýaly wizual görnüşde hödürlenýär.
The Verge neşiri wagtyň geçmegi bilen ulgamyň has seresaply işläp başlandygyny, ýagny sözbaşylaryň has giňeldilendigini we lentada aç-açan "klikbeýtleriň" (aldawçy sözbaşylaryň) azalandygyny belleýär.
Şeýle-de bolsa, emeli aň henizem faktlary we konteksti bulaşdyrýar. "Discover" lentasynda ABŞ-da daşary ýurt dronlarynyň importyna goýlan gadagançylygyň ýatyrylandygy baradaky ýalan habarlar, aslynda ýok bolan tehnologik täzelikler we makala çap edilmezden has öň bolup geçen wakalar peýda boldy. Käbir ýagdaýlarda sözbaşy bir zady wada berse, açylan material düýbünden başga zat barada gürrüň berýärdi.

"Gysgaça synyň sözbaşysy dürli saýtlardan alnan maglumatlary özünde jemleýär we ol aýratyn bir makalanyň sözbaşysy hökmünde täzeden ýazylmaýar. Bu funksiýa ulanyjylary kanagatlandyrjak derejede gowy işleýär. Biz adamlara internetdäki materiallary öwrenmäge we salgylanmalar boýunça geçmäge kömek etmek üçin ulanyjy interfeýsi bilen synaglary dowam etdireris" — diýip, Google-yň metbugat wekili Jennifer Kuts belledi.


03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......