Apple-yň täze barlagy: Emeli aňy dolandyrmak daşyndan görnüşinden has çylşyrymly

  • 27.01.2026 10:54
  • 1k+

Apple we Pompeu Fabra uniwersitetiniň bilelikdäki ylmy işi emeli aň modelleriniň (LLM) we surat döredýän generatiw ulgamlaryň dolandyrylyşynyň goýlan wezipä, modeliniň arhitekturasyna we hatda soragyň (prompt) nähili düzülendigine gaty baglydygyny görkezdi. Alymlar emeli aňyň yzygiderli we öňünden çaklap boljak häsiýetiniň kepillendirilip bilinmejekdigi barada netijä geldiler.

Synaglarda SmolLM3-3B, Qwen3-4B we Gemma3-4B ýaly modeller ulanyldy. Olar tekstiň formatyny we formallygyny üýtgetmek, setirleriň uzynlygyny sazlamak, täk we jübüt sanlary döretmek ugurlar boýunça barlanyldy.

Esasy netijeler:

  1. Sowatlylyk we dolandyryş: Adam üçin örän ýönekeý bolan sanlar bilen işleşmek wezipesinde Gemma3-4B adatça üstünlikli boldy, ýöne SmolLM3-3B köp ýalňyş goýberdi. Qwen3-4B bolsa netijäni doly gözegçilikde saklamagy başardy.
  2. Söhbetdeşlik arkaly sazlama: Tekstiň stilini (resmi/resmi däl) üýtgetmekde Qwen3 we Gemma3 bäş gezeklik gaýtalamadan (round) soň islege doly uýgunlaşdy. Emma kiçi model bolan SmolLM dolandyryşa kynlygyna galdy.
  3. Ölçeg (Scaling) meselesi: Modellere has köp parametr goşulsa (mysal üçin, Qwen-iň 0,6 mlrd-dan 14 mlrd-a çenli wersiýalary), olaryň dolandyrylyşy gowulanýar. Ýöne 4 milliard parametrden soň dolandyryş ukybynyň ösüşi peselip başlaýar.

Surat döredýän emeli aň modellerinde (FLUX-s we SDXL) dolandyryş has hem kyn boldy. Modeller obýektleriň sany baradaky görkezmeleri takyk berjaý edip bilmediler. Reňkleriň doýgunlygy baradaky isleglere örän pes derejede (0,1-den pes korrelýasiýa) eýerdiler.
Awtorlar emeli aňyň dolandyrylyşyny hökman tejribe arkaly barlamalydygyny nygtap, öz ulanan gurallarynyň açyk koduny çap etdiler.
Belläp geçmeli tarapy, bu barlagda diňe 14 milliard parametre çenli modeller ulanyldy. Şonuň üçin GPT-5 ýa-da Claude 4.5 ýaly ägirt uly modelleriň nähili netije berjekdigi entek näbelli, ýöne alymlar bu barlag usulynyň islendik emeli aň üçin amatlydygyny aýdýarlar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......