"Google Photos" programmasynda şahsy suratlaryňdan mem döretmek üçin täze gural peýda boldy

  • 25.01.2026 12:00
  • 1.1k+

Google kompaniýasy "Google Photos" (Google Foto) serwisinde täze funksiýany işe girizdi. Android we iOS üçin niýetlenen mobil goşundysynda ulanyjynyň şahsy suratlarynyň esasynda memleri döretmäge mümkinçilik berýän "Me Meme" guraly peýda boldy.

Bu funksiýa generatiw emeli aňyň esasynda işleýär we şahsy suratlary ulanmak üçin taýýar şablonlaryň toplumyny hödürleýär. Täze gural häzirlikçe synag görnüşinde diňe ABŞ-daky ulanyjylar üçin elýeterli bolup, ol goşundynyň "Creativity" bölüminde ýerleşýär.
Mem döretmek üçin ulanyjy hödürlenýän şablonlaryň birini saýlamaly we ýüzüniň şekili aýdyň görünýän suraty ýüklemeli. Şondan soň suraty redaktirläp we memiň generasiýasyny (döredilmegini) başladyp bolýar.
Taýýar bolan netije "Google Photos" kitaphanasynda saklanýar. Şeýle hem ulanyjy suraty gaýtadan döredip ýa-da ony başgalar bilen paýlaşyp bilýär.


03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......