OpenAI ChatGPT-niň üsti bilen gazanç edenlerden göterim almak isleýär

  • 24.01.2026 23:35
  • 1.7k+

OpenAI kompaniýasy özüniň girdeji modelini düýpli özgertmek barada pikirlenýär. Kompaniýanyň maliýe direktory (CFO) Sara Fraýaryň aýtmagyna görä, geljekde iri kompaniýalar diňe bir ChatGPT ulanandyklary üçin däl, eýsem şol tehnologiýanyň kömegi bilen gazanan peýdalaryndan hem göterim (roýalti) berip bilerler.

Sara Fraýar bu täze ykdysady modeliň, aýratyn-da ylym, saglygy goraýyş we maliýe ýaly pudaklarda netijeli boljakdygyny belleýär. Mysal üçin: Eger bir derman öndüriji kompaniýa OpenAI-yň emeli aňyny ulanyp, täze bir derman oýlap tapsa we ony satyp başlasa, OpenAI şol dermanlaryň satuwyndan belli bir göterim alar.
Bu model «netijä esaslanýan nyrhlandyrma» (outcome-based pricing) diýlip atlandyrylýar. Ýagny, OpenAI diňe müşderi girdeji gazananda gazanýar.
Öňler OpenAI-yň diňe bir esasy hyzmatdaşy (Microsoft), bir çip üpjünçisi (Nvidia) we bir sany abuna görnüşi (ChatGPT Plus) bardy. Emma 2026-njy ýyla gelip, kompaniýa indi birnäçe bulut hyzmatlary we dürli çip öndürijileri bilen işleýär. Sora wideogeneratory , korporatiw çözgütler we ylmy barlag platformalarynyň sany artdy.
Ösüşiň öňündäki iň uly päsgelçilik — hasaplaýyş kuwwatynyň (compute) ýetmezçiligi we ony saklamagyň ägirt uly çykdajylarydyr.
Mundan başga-da, OpenAI 2026-njy ýylda diňe bir peýdadan paý almak däl, eýsem, ChatGPT-niň mugt we arzan bahaly tariflerinde mahabatlary ýerleşdirmek hem-de elektron söwda (E-commerce) amallaryndan göterim almak ýaly usullary synagdan geçirýär.


31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
988

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......