Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylar

  • 24.01.2026 09:13
  • 2.4k+

Türkmenistanda emeli aň ulgamyny düzgünleşdirmek üçin kadalaşdyryjy binýady döretmek boýunça işler durmuşa geçiriler. Ministrler Kabinetiniň 23-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalaryny işläp taýýarlamak, şeýle hem degişli subýektleriň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek baradaky teklip hödürlenildi. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisde beren hasabatynda wise-premýer Mämmethan Çakyýew, hususan-da, bu ugurda döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny, hukuklaryny we borçlaryny kesgitlemegi teklip etdi. Onuň aýtmagyna görä, edaralaryň jogapkärçiligine, emeli aň önümleri we tehnologiýalary üçin milli ülňüleri hem-de tehniki kadalaşdyryjy namalary taýýarlamaga aýratyn üns berler.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, şunuň bilen baglylykda, emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhüm bolup durýandygyny aýtdy. Ol bu başlangyjy goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


21.06.2026 16:10
3.6k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......