Tunisli režissýor EA tarapyndan döredilen film üçin 1 mln dollar utdy

  • 20.01.2026 23:33
  • 4.2k+

Tunisden Zubeýr Jlassi 1 Billion Followers Summit sammitinde dokuz minutlyk Lily filmi üçin AI Film Award baş baýragyny – 1 million dollar aldy diýip, Creapills habar berýär. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 9 – 11-nji ýanwarynda Dubaýda geçirildi we wizual hatary döretmek üçin EA ulanylan ilkinji uly festiwal boldy.

Guramaçylar 116 ýurtdan gelip gowşan 3500 arzadan 12 finalçyny saýlady. Eminler diňe bir tehniki çylşyrymlylyga däl, eýsem innowasiýanyň, sýužetiň we etikanyň utgaşygyna baha berdi. Çäräniň hyzmatdaşy hökmünde döredijilik işinde neýroulgamlara jogapkärli çemeleşmäni goldaýan Google Gemini çykyş etdi.
Lily filmi atmosferasy we ownujak zatlara ünsüň berilmegi bilen beýlekilerden tapawutlandy. Jlassi emeli aňy režissýoryň ornuny tutmak üçin däl-de, ýagtylygy, kadr kompozisiýasyny we sahna ýagdaýyny dolandyrmak üçin gural hökmünde ulandy. Filmiň sahnalarynda Tunisi tanamak bolýar: binagärlik, reňkler we hojalyk predmetleri tanyş atmosferany döredýär.
Eminler filmiň duýgy döredýändigini belledi: tomaşaçy EA-nyň effektlerine syn etmän, gahrymanlara duýgudaşlyk bildirýär. Bu ýeňiş afrikaly režissýorlaryň medeni özboluşlylygy täze media bilen utgaşdyryp, tehnologiýa merkezlerindäki awtorlar bilen bäsleşip biljekdigini görkezýär.


şu gün 11:31
701

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.5k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
13k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....