Microsoft: Ýer ýüzüniň her altynjy ýaşaýjysy emeli aňy ulanýar

  • 21.01.2026 10:07
  • 2.8k+

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde emeli aňyň ýaýramagynyň täze derejesi hasaba alyndy: indi neýroulgamdan Ýer ýüzüniň ilatynyň 16,3%-i, ýagny her altynjy adam peýdalanýar. Şeýle maglumatlar Microsoft AI Economy Institute-yň hasabatynda getirilýär.

Gürrüň emeli aňyň işde, okuwda we gündelik işlerde ulanylmagy baradadyr.
Resminama görä, Global Demirgazykda emeli aňy işe ukyply ilatyň 24,7%-i ulanýar, bu bolsa 14,1% netije beren Global Günortanyň görkezijisinden iki essse diýen ýaly ýokarydyr. Soňky alty aýda Demirgazykda ösüş depgini tas iki esse ýokary boldy, şol sebäpli tapawut 9,8 göterim punktdan 10,6 göterim punkta çenli artdy.
Emeli aňy, esasan, sanly infrastruktura we döwlet goldaw programmalaryna ir maýa goýup başlan ýurtlar işjeň ornaşdyrýar. Öňdebaryjy Birleşen Arap Emirlikleri bolmagynda galýar, bu ýerde EA-ny işe ukyply ilatyň 64%-i ulanýar. Onuň yzyndan Singapur (60,9%), Norwegiýa, Irlandiýa, Fransiýa we Ispaniýa gelýär.
Ösen EA modellerini işläp düzmekde öňdebaryjydygyna garamazdan, ABŞ ony ornaşdyrmagyň derejesi boýunça 24-nji orunda ýerleşýär – 28,3%. Hasabatda munuň esasy ugurlary sanlaşdyrmak derejesiniň beýleki lider ýurtlar bilen deňeşdirilende pesdigi bilen baglanyşyklydygy bellenilýär.
Ýarym ýylda 25-nji orundan 18-nji orna çykan Günorta Koreýa uly ösüş görkezdi. Bu işjeň döwlet syýasaty, koreý dilinde EA-nyň ösüşi we tehnologiýanyň mekdeplere, döwlet hyzmatlaryna we iş proseslerine ornaşdyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýurt ChatGPT üçin iň çalt ösýän ýurtlaryň biri boldy we hatda Seulda OpenAI-iň ofisiniň açylmagyna getirdi.
Şol bir wagtyň özünde, DeepSeek hytaý platformasy hem öz ornuny güýçlendirýär. Mugt çat-bot Huawei bilen hyzmatdaşlygy netijesinde Hytaýda, Russiýada, Eýranda we Afrika ýurtlarynda ulanyjylary çalt ýygnaýar. Hasabatda munuň ABŞ bilen Hytaýyň arasynda diňe bir milli EA platformalaryny işläp düzmekde däl, eýsem dünýäde ýaýratmakda-da artýan bäsdeşligi görkezýär. 


11.06.2026 23:59
6.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

06.06.2026 11:47
9.7k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....