Bill Geýts on ýyldan soň iki günlük iş hepdesiniň boljakdygyny çaklaýar

  • 17.01.2026 15:03
  • 5.3k+

Microsoft-yň egindeş esaslandyryjysy Bill Geýts on ýyldan soň, emeli aňyň ösmegi netijesinde, adamlaryň hepdede diňe iki gün işlejekdigini aýtdy. Ol bu barada The Tonight Show teleýaýlymyndaky Jimmy Fallon bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy we öz sözlerini indi köp işlerde adam hyzmatynyň talap edilmeýändigi we başga işler üçin wagty ep-esli artjakdygy bilen düşündirdi.

Geýtsiň pikiriçe, emeli aň geljekde has giň elýeterli bolar we ýokary hilli lukmançylyk maslahatlaryny, bilim hyzmatlary ýaly çylşyrymly meseleleri-de çözmegi başarar. Mundan başga-da, önümçilik, logistika we oba hojalygyndaky işler hem wagtyň geçmegi bilen bölekleýin awtomatik ýagdaýa geçer.
Bill Geýtsiň çaklamasy köpleri gyzyklandyrýar, sebäbi ol öň, 1999-njy ýylda smartfonlaryň, sosial medianyň we onlaýn iş düzgüniniň ösjekdigini hem çaklapdy. Bilşimiz ýaly, bularyň hemmesi amala aşdy. Şoňa görä, onuň häzirki çaklamasynyň hem ähmiýeti uly bolup durýar.
Geçen ýyl Microsoft emeli aň tarapyndan özgerdilmegi mümkin bolan hünärler boýunça geçirilen seljermäni çap etdi. Bu seljerme, esasan, ýazyjylar, terjimeçiler we taryhçylar ýaly maglumat, döredijilik we aragatnaşyk işgärlerine degişlidir. Onda fiziki zähmet bilen baglanyşykly hünärler awtomatlaşdyrmakdan has az ejiz hasaplanýar.
Geýtsiň bu çaklamasy tehnologiýa jemgyýetinde işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar. Şolaryň hatarynda Anthropic kompaniýasynyň baş direktory Dario Amodeý başlangyç derejeli ofis iş orunlarynyň ýarysyna çenlisiniň bäş ýylyň içinde ýok bolup biljekdigi hakyndaky pikirini paýlaşsa, Mercedes-Benz kompaniýasynyň baş dizaýneri hem  geljekde öz iş ornuny emeli aňyň eýelejekdigine we munuň kompaniýalar üçin has arzan düşjekdigini belleýär. Muňa garamazdan, milliarder Mark Kuban bolsa, ösen tehnologiýanyň iş orunlaryny azaltmagyň tersine, köp iş ornuny döretjekdigini öňe sürýär.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......