OpenAI mugt ChatGPT Translate emeli aň terjimeçisini işe girizdi

  • 18.01.2026 15:59
  • 1.4k+

OpenAI kompaniýasy täze ChatGPT Translate hyzmatyny işe girizdi. Häzirki wagtda EA terjimeçisi beta-synag režiminde bolup, mugt işleýär. Ol 50-den gowrak dili, şol sanda rus dilini goldaýar.

Android Authority neşiriniň belleýşi ýaly, entek kompaniýa ChatGPT Translate barada resmi taýdan habar bermedi, ýöne hyzmat eýýäm ulanyjylar üçin ýörite saýtda elýeterlidir. Platformanyň interfeýsi Google Translate-e meňzeş bolup, teksti girizmek we netijäni görkezmek üçin iki tekst meýdanyny öz içine alýar.
ChatGPT Translate-iň esasy aýratynlygy terjime stilini saýlamak mümkinçiligi boldy. Ulanyjylar teksti akademiki auditoriýa üçin sazlap biler. Şeýle-de, ony iş stiline geçirip ýa-da tersine çaga üçin hem düşnükli bolar ýaly derejede ýönekeýleşdirip biler. Geljekde işläp düzüjiler suratlardan teksti terjime etmek funksiýasyny goşmagy meýilleşdirýär.
Häzirki tapgyrda hyzmatda resminamalary ýüklemek, teksti elde ýazmak üçin gurallar we hakyky wagtda söhbetdeşlik režimi (Google Translate-däki ýaly) ýok. Ses arkaly girizme diňe saýtyň mobil wersiýasynda mikrofon arkaly elýeterlidir. 


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......