ChatGPT Edu Gazagystanyň milli bilim ulgamyna integrirlener

  • 27.01.2026 09:21
  • 1.2k+

Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmos senagaty ministrligi ChatGPT Edu bilim guralynyň milli bilim ulgamyna ornaşdyrylýandygyny yglan etdi. Bu karar ýurduň orta we ýokary okuw mekdeplerine degişlidir.
​Gazagystan Merkezi Aziýa sebitinde OpenAI kompaniýasynyň «Education for Countries» halkara maksatnamasyna goşulan ilkinji ýurt boldy. Taslama okuw amalyýetinde emeli aň tehnologiýalaryny ulanmaga gönükdirilendir.
​«Emeli aň mugallymlaryň ornuna geçmez-de, eýsem olaryň hünär mümkinçiliklerini giňelder» diýip, ministrlikde bellediler. Edaranyň berýän maglumatyna görä, ChatGPT Edu-nyň ulanylmagy mugallymlara administratiw we usulyýet işlerini ýeňilleşdirmäge, okuwçylar we talyplar üçin has ýokary hilli, her bir şahsyýete gönükdirilen bilim şertlerini hödürlemäge mümkinçilik berer.
​Maksatnamanyň çäginde ýurt boýunça bilim edaralaryna 165 müň sany ChatGPT Edu ygtyýarnamasy (lisenziýasy) mugt berler.
​Gazagystandan başga-da, OpenAI-nyň halkara bilim maksatnamasyna Estoniýa, Gresiýa, Italiýanyň uniwersitet rektorlarynyň konferensiýasy, Iordaniýa, Slowakiýa, Trinidad we Tobago, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleri goşuldy. 


18.06.2026 14:00
4.3k+

Türkmenistanda 6 bilim edarasy döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama aldy

Aşgabatda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Birinji akkreditasiýa möwsüminiň jemleri boýunça alty sany bilim edarasy degişli......

17.06.2026 09:44
2.3k+

Hytaý ýokary okuw jaýlary ynsanperwer ugurlardan köpçülikleýin ýüz öwürýärler: olaryň ýerini EA eýelär

Hytaýda ýokary bilim ulgamynyň giň gerimli özgertmeleri dowam edýär. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurtda bakalawr maksatnamalarynyň 12,2 müňüsi ýatyryldy ýa-da wagtlaýynça......

13.06.2026 18:59
5.3k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.3k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......