Emeli aň ABŞ-nyň taryhy hakynda serial taýýarlady

  • 31.01.2026 03:34
  • 2.6k+

Internet torunda emeli aňyň kömegi bilen döredilen «On This Day… 1776» («Şu gün... 1776-njy ýyl») atly taryhy serialyň treýleri peýda boldy. Filmde ABŞ-nyň garaşsyzlyk ugrundaky göreşi barada gürrüň berilýär.
Serialyň prodýuseri hökmünde «Arzuwlaryň rekwiýemi» («Реквием по мечте») we «Nuh» («Ной») filmleri bilen meşhur bolan režissýor Darren Aronofskiniň çykyş etdi. Proýektiň üstünde Google DeepMind barlag bölümi hem işledi. Serialdaky gahrymanlara professional aktýorlar ses berdiler.
«On This Day… 1776» serialynyň ilkinji bölümleri eýýäm Time studiýasynyň YouTube-kanalynda tomaşaçylar üçin elýeterli edildi. Täze bölümler ýylyň dowamynda her hepde yzygiderli görnüşde köpçülige hödürlener.
Treýleriň we seriýalaryň çykmagy jemgyýetçilik torlarynda uly jedellere sebäp boldy. Ulanyjylaryň bir bölegi, taryhy mazmuny döretmekde emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylmagyny tankyt etdiler. Filmiň dowamynda hakykatda ýaşap geçen ABŞ-nyň ilkinji Prezidenti Jorj Waşington we Britaniýanyň patyşasy Georg III ýaly taryhy şahsyýetleriň keşbi hem peýda bolýar.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....