ChatGPT kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylary özüni alyp barşy boýunça anyklap başlar

  • 24.01.2026 09:40
  • 1.3k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT çat-botuna 18 ýaşdan kiçi ulanyjylary anyklamak üçin ýaşy çaklamak funksiýasyny goşar. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär.

Ulgam ulanyjynyň özüni alyp barşyny, şol sanda çat-botuň ulanylyş wagty, akkauntyň näçe wagtdan bäri hereket edýändigi we hasaba alnanda görkezilen doglan senesi ýaly maglumatlary seljerýär.
Sentýabrda OpenAI-iň ýolbaşçysy Sem Altman kompaniýanyň gizlinligi giňeldýändigini we kämillik ýaşyna ýetmedikleriň howpsuzlygyna gözegçiligi güýçlendirýändigini aýtdy. Ýaşy kesgitlemek funksiýasynyň döredilmegi hem bu strategiýanyň çäklerinde esasy çäreleriň biri boldy.
Ýalňyşlyk bilen kämillik ýaşyna ýetmedikleriň kategoriýasyna degişli edilen ulanyjylar Persona hyzmaty arkaly ýaşyny tassyklandan soň elýeterliligi gaýtadan dikeldip biler. Bu prosedura surat ibermegi talap edýär.
Ozal ChatGPT-de ene-ata gözegçiligi ýola goýuldy. Eger algoritmler ýetginjegiň özüne zyýan ýetirmek barada pikirlenýändigini aňsa, hünärmenler maglumatlary seljerip, stress alamatlary tassyklanan ýagdaýynda bu barada ene-atalara habar berer. 


07.03.2026 17:10
873

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.6k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...

27.02.2026 21:33
8.4k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.6k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...