Parkinson keselini bejermek üçin emeli aň tarapyndan döredilen derman adamlarda synagdan geçiriler

  • 26.01.2026 17:34
  • 2.7k+

ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerine sanitar gözegçilik gullugy (FDA) emeli aňyň kömegi bilen işlenip düzülen ISM8969 atly dermany kliniki synaglardan geçirmäge rugsat berdi. Bu çözgüt çiş we neýrodegeneratiw kesellerini bejermekde täze ädim bolup, indi dermany adamlarda barlap görmäge mümkinçilik berýär.

«InSilico Medicine» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Kerol Satler bu barada şeýle diýdi:

«Biziň emeli aň arkaly derman taýýarlaýyş prosesimiz beýni dokumalaryna gowy aralaşýan molekulany döretmäge ýol açdy. Bu bolsa Parkinson keselini bejermekde uly mümkinçilikler berer».

ISM8969 dermany beýni öýjüklerindäki NLRP3 belogynyň işjeňligini peseldýär. Alymlaryň pikiriçe, bu belok nerw ulgamynda dowamly çişmeleriň emele gelmegine sebäp bolup, Parkinson we beýleki neýrodegeneratiw keselleriň geçişini has-da agyrlaşdyrýar.
Dermanlaryň köpüsi beýnini goraýan gematoensefalik böwetden geçip bilmeýändigi sebäpli täsirini ýitirýärler. Emeli aň bu böwetden geçip bilýän we gönüden-göni nyşana (NLRP3) täsir edýän molekulany iki ýyldan az wagtyň içinde döretmegi başardy.
Syçanlarda geçirilen barlaglar keseliň haýallaýandygyny, fiziki güýjüň artýandygyny we hereketleriň has gowy dolandyrylýandygyny görkezdi.
FDA-nyň rugsatnamasy bilen dermany adamlarda synagdan geçirmegiň birinji tapgyry başlanýar.
Kompaniýa bu dermany mundan beýläk-de ösdürmek üçin Hytaýyň iri derman öndüriji kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglaşdy.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......