WSJ: SoftBank korporosiýasy OpenAI kompaniýasyna 30 milliard dollar maýa goýar

  • 30.01.2026 11:02
  • 1.5k+

Ýaponiýanyň SoftBank korporasiýasy OpenAI kompaniýasyna 30 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, ChatGPT-ni dörediji häzirki wagtda dürli maýadarlar bilen jemi 100 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesini çekmek boýunça gepleşikleri alyp barýar.
Maliýeleşdiriş tapgyry üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda, kompaniýanyň bazar gymmaty 830 milliard dollara çenli ýokarlandyrylar. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda, maýa goýumlarynyň öňki tapgyrynyň netijelerine görä, OpenAI 500 milliard dollar möçberinde bahalanypdy. Çeşmeler maýa goýujylar bilen gepleşikleriň dowam edýändigini, şol sebäpli şertnamalaryň gutarnykly şertleriniň entek üýtgedilip bilinjekdigini-de nygtaýarlar.
Mundan ozal OpenAI-yň öz paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürlemek niýetiniň bardygy barada maglumatlar peýda bolupdy. Kärhananyň ýolbaşçylygy biržada satuwa çykanyndan soňra, guramanyň bahasynyň 1 trillion dollardan geçjekdigine tama edýär.
Häzirki wagtda SoftBank 11 göterim paýy bilen OpenAI-yň iň uly paýdary bolup durýar. Ýapon holdingi tehnologik startapy ösdürmek üçin eýýäm takmynan 22,5 milliard dollar sarp etdi
.


31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

28.05.2026 19:13
3.7k+

Mazda we Spingle kenguru derisinden tikilen krossowkalary çykardylar

Mazda awtoulag öndürijisi Ýaponiýanyň Spingle aýakgap kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda dizaýny CX-5 krossowerinden bölekleýin ylham alan, çäkli sanda SP-MZD krossowkasyny çykardy. ...

20.05.2026 15:31
988

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......