Mazda we Spingle kenguru derisinden tikilen krossowkalary çykardylar

  • 28.05.2026 19:13
  • 3.8k+

Mazda awtoulag öndürijisi Ýaponiýanyň Spingle aýakgap kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda dizaýny CX-5 krossowerinden bölekleýin ylham alan, çäkli sanda SP-MZD krossowkasyny çykardy. 

Aýakgaplar diňe Ýaponiýada 14 sany ýöriteleşdirilen dükanlarda we internetde 26 500 iýen (166 dollar) bahadan satylýar.

Hirosimada ýerleşýän iki brend hem taslamany takmynan iki ýyl bäri bilelikde işläp düzýär. Täze sport aýakgaby ýedi ölçegde we iki reňkde: gara we açyk goňras görnüşde hödürlendi. Açyk goňras reňk Mazda CX-5-iň goşmaça içki bezegi bilen birmeňzeşdir.

Çäklendirilen neşir hakyky kenguru derisinden we tüýjümek gaýyşdan öndürildi.

Bu iki ýapon kompaniýasynyň arasyndaky ilkinji hyzmatdaşlyk däl: geçen ýyl hyzmatdaşlar MX-5 rodsterine bagyşlanan ak, gök we gyzyl reňkli SP-MX5 krossowkalaryny çykardylar.


şu gün 11:29
2.8k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

şu gün 11:16
604

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

şu gün 09:59
789

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

15.06.2026 19:06
1.1k+

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......