ChatGPT-iň mugt wersiýasynda mahabat goýlup başlanar

  • 18.01.2026 20:08
  • 2.2k+

OpenAI kompaniýasy ýakyn wagtda ChatGPT platformasynyň mugt ulanyjylary üçin synag tertibinde mahabatlary ýerleşdirip başlar. Mahabatlar esasy mugt wersiýada we "Go" nusgasynda, ulanyjynyň sowallaryna berilýän jogaplaryň ýanynda görkeziler.

Häzirlikçe bu täzelik diňe ABŞ-daky ulanyjylara degişli bolar.
Tölegli ulanyjylar üçin artykmaçlyk: Kompaniýanyň aşakdaky tölegli tarif meýilnamalary mahabatlardan doly azat bolar:

  • Plus we Pro;
  • Business we Enterprise.

Ynam we howpsuzlyk meselesi: OpenAI ýolbaşçylygy mahabatlaryň girizilmeginiň çat-botuň berýän jogaplarynyň obýektiwligine täsir etmejekdigine kepil geçýär. Şeýle hem, mahabat beriji taraplaryň ulanyjylaryň şahsy söhbetdeşlik taryhyna girip bilmejekdigi aýratyn nygtalýar.
Nämeler üýtgedi?
Bilermenler bu ädimi gurama üçin ägirt uly girdeji çeşmesi hökmünde häsiýetlendirýärler. Belläp geçsek, OpenAI-iň ýolbaşçysy Sem Altman ozal mahabatlara garşy çykyş edip, munuň ulanyjylaryň ynamyny sarsdyryp biljekdigini aýdypdy. Emma 2025-nji ýylyň noýabrynda ol bu monetizasiýa (pul gazanmak) usulyny "belli bir pursatda" barlap görmelidigini tassyklady.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......