Enaýyja, emma howply: EA arkaly döredilen haýwanlar tebigata bolan garaýşymyzy nädip üýtgedýär?

  • 24.01.2026 16:19
  • 7.4k+

Emeli aň arkaly döredilen haýwanlaryň wideolary — batutda bökýän towşanlardan başlap, restoranda nahar edinýän pandalara çenli sosial mediada millionlarça tomaşa toplaýar. Bu wideolaryň köpüsi şeýle bir hakyky görünýär welin, olaryň ýasamadygyny-da aňşyrmak kyn. Ýöne alymlar şeýle wideolardaky mazmunyň tebigat üçin zyýanly bolup biljekdigini we esasan-da çagalaryň ýabany dünýä baradaky düşünjelerini bozmak ähtimallygynyň ýokarydygyny duýdurýarlar. Kordoba uniwersitetiniň alymlarynyň  Conservation Biology žurnalynda çap edilen gözleg netijelerinde hem munuň birnäçe howply taraplary görkezilýär.

Birinjiden, emeli aň arkaly döredilen wideolar haýwanlara mahsus bolmadyk hereketleri suratlandyrýar we tebigat hakynda ýalňyş düşünje döredýär.
Ikinjiden, olar antropomorfizasiýany güýçlendirýär — ynsan duýgularyny we endiklerini haýwanlara ýöňkeýär. Bu bolsa jemgyýeti tebigatdan daşlaşdyrmak howpuny döredýär.
Üçünjiden, olar tomaşaçylaryň hakyky tebigata bolan gyzyklanmasyny we  çyn nusgadaky suratlara we wideolara bolan ynamyny azaldýar.
Gözlegiň awtorlarynyň biri Hose Gerrero Kasado bu babatda ene guşlaryň «zalym» ýylanlary öldürýän wideosyna salgylanýar.

«Käbir ulanyjylar teswirlerde bu netijäni goldaýarlar. Emma bu ýylanlary goramak işinde nähili netije berer? Eger hökümet bu jandarlary goramaga serişde gönükdirse we munda jemgyýetçilik goldawy ýetmezçilik etse, ähli tagallalar puja çykyp biler» diýip alym aýdýar.

Mundan başga-da, Denwerdäki Kolorado uniwersitetiniň sosiology Jenni Wermiliýanyň belleýşi ýaly, «dostlukly» keşbe giren ýyrtyjylaryň suratlary adamlary tebigatda howply duşuşyklara höweslendirip biler.
Psiholog Mariýa Limno emeli aňyň haýwanlardaky «çagapisint» häsiýetleriň täsirini güýçlendirýändigini, güýçli emosional reaksiýalary we hakyky dünýäden howaýy garaşmalary artdyrýandygyny düşündirýär.
Şunlukda bilermenler degişli ýagdaý ýabany tebigat baradaky düşünjeleri bozýar we adamlaryň janly biodürlülik bilen baglanyşygyny gowşadýar diýen netijä gelýärler.


13.05.2026 15:09
4k+

Angilýa adasy .ai domeni arkaly onlarça million dollar gazanýar

Karib deňzindäki Angilýa adasy emeli aňyň dünýä derejesindäki meşhurlygynyň artmagy bilen býujet girdejileriniň birden köpelmegini hasaba aldy. Muňa garamazdan, adanyň özi tehnologik merkez hasaplanmaýar: bu......

12.05.2026 18:27
1.5k+

Anthropiс dürli din wekilleri bilen emeli aňyň ahlagy hakda maslahatlaşdy

Anthropic kompaniýasy özüniň Claude çat-botuny ösdürmekde ulanylyp bilinjek ahlak ýörelgeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli din wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi....

08.05.2026 11:11
3.3k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......