Adamlar pikirleri çapraz gelse-de, bilermenleriň dipfeýklerine ynanmaga köp ýykgyn edýärler

  • 30.01.2026 12:20
  • 3.4k+

​Diňleýjiler abraýy uly bolan adamlaryň çykyşlaryndaky audio-dipfeýklerine (emeli aň arkaly döredilen ses ýazgylaryna), hatda olaryň sözlerinde many taýdan çaprazlyk bolan ýagdaýynda-da ynanmaga has köp ýykgyn edýärler diýip "NeuroImage" žurnaly habar berýär. Russiýanyň Ýokary ykdysadyýet mekdebiniň Kognitiw neýroylymlar institutynyň işgärleri elektroensefalografiýa usulyny ulanyp geçiren tejribeleriniň netijesinde şeýle netijäni çykardylar.

​61 adamyň gatnaşmagynda geçirilen tejribede hünärmenleriň adyndan aýdylýan garaşylmadyk tassyklamalar diňlenende beýniniň kognitiw dissonansy (pikir gapma-garşylygyny) bellige alýandygyny görkezdi. Emma muňa garamazdan, gatnaşyjylar lukmanyň aýdanlaryny, hatda olar lukmanyň hakyky garaýyşlaryna ýa-da synag edilýänleriň öz ynançlaryna ters gelse-de, has ynandyryjy we ynamdar diýip bahalandyrdylar. Lukmançylyk pudagynda abraýy o diýen bolmadyk aktrisanyň adyndan berlen gapma-garşylyklara beýniniň berýän reaksiýasy bolsa has pes boldy.

​"Biz başda audioýazgynyň kabul edilişine gatnaşyjylaryň şahsy ynamlary täsir eder diýip çaklapdyk. Emma dipfeýkler diňlenende, bu parametrleriň  hiç hili ähmiýetiniň ýokdugy ýüze çykdy. Bu ýerde iň esasy zat onuň lukmançylyk ulgamyndaky abraýy bolup çykdy" — diýip, makalanyň birinji awtory, NIU WSHE-niň Neýroykdysadyýet we kognitiw barlaglar merkeziniň kiçi ylmy işgäri Eliana Monahowa düşündirýär.

​Gözlegler bilermenlik çeşmelerinden gelýän habarlaryň, logiki näsazlyklara garamazdan, diňleýjilere örän täsir edip biljekdigini tassyklaýar.

 


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......