Windows 11-iň Paint programmasy indi emeli aň arkaly reňklemeli suratlary döredip bilýär

  • 24.01.2026 17:13
  • 1.5k+

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylary üçin «Notepad» we «Paint» programmalarynyň täze synag wersiýalaryny hödürledi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, bu täzelikler häzirki wagtda «Windows Insider» maksatnamasyna gatnaşyjylar üçin elýeterlidir.

Paint programmasynyň täze (11.2512.191.0) wersiýasynda «Coloring book» diýlip atlandyrylýan täze gural peýda boldy. Ol ýönekeý ýazmaça beýan etme esasynda reňklemek üçin niýetlenen suratlary döretmäge mümkinçilik berýär.

Bu nähili işleýär?

  1. Paint programmasyndaky Copilot menýusyndan «Coloring book» bölümini saýlamaly.
  2. Isleýän suratyňy ýazmaly (mysal üçin: «ponçigiň üstünde oturan enaýyja tüýli pişik»).
  3. Emeli aň awtomatiki usulda suratyň dört sany nusgasyny döreder.
  4. Saýlap alan nusgaňyzy iş meýdançasyna goşup, ony reňkläp bilersiňiz. Şeýle-de, programmada reňk guýmagy (zaliwka) has takyk dolandyrmak üçin ýörite süýşürgiç (polzunok) goşuldy.

«Notepad» (11.2512.10.0) programmasynda hem birnäçe möhüm özgerişlikler bar. Indi programma üsti çyzylan tekstleri we iç-içine ýerleşdirilen sanawlary tanap bilýär. Emeli aň arkaly tekst döredilende, ulanyjy jogabyň doly taýýar bolmagyna garaşman, tekstiň ýazylyşyny hakyky wagtda görüp biler.


11.06.2026 23:59
6.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....